SPORT

Pekin-2022: ilkinji medaly Tereza Ýohaug gazandy

Düýn resmi taýdan badalga berlen XXIV gyşky Olimpiýa oýunlarynda ilkinji medallar gazanyldy. Umuman, gyşky Olimpiýa oýunlarynyň ussady hasaplanýan Norwegiýanyň türgenleri eýýäm 2 altyn medalyň eýesi boldular.

Adatda, tomusky Olimpiýa oýunlarynda ilkinji medallar ok atmak sportundan berlip başlanýan bolsa, gyşky Olimpiýa oýunlarynda bolsa lyžaly ýaryşlardan başlanýar. Ilkinji bolup, medallar zenanlaryň arasynda skiatlon ýaryşyndan başlandy.

Bu ýaryşda birinji orny norwegiýaly Tereza Ýohaug gazanan bolsa, ikinji orny russiýaly Natalýa Neprýaýewa, üçünji orny bolsa, awstriýaly Tereza Şatdlober eýeledi.

Şeýlelikde, Pekindäki Olimpiýa oýunlarynyň ilkinji medalyny norwegiýaly türgen gazandy.

Dünýäniň dürli yklymlarynda ýerleşýän döwletleriň türgenleri sylaglaryň 109 toplumy (jemi 327 medal) ugrunda bäsleşerler. 2022-nji ýylyň gyşky Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna sportuň 15 görnüşi boýunça ýaryşlar girizildi. Olar lyžaly bäsleşikler, lyžaly iki görnüşli sport ýaryşy, biatlon, dag lyžasy sporty, tramplinden lyžaly bökmek, fristaýl, snoubord, figuraly typmak, şaýbaly hokkeý, bobsleý, sani sporty, skeleton, konkili typma sporty, şort-trek, kýorling görnüşleridir.

 

Türkmenistanyň we Hytaýyň Prezidentleriniň duşuşygy

Ýene-de okaň

Türkmen dzyudoçysy Maýsa Pardaýewa Mongoliýada bürünç medal gazandy

Türkiýäniň milli ýygyndysy dünýä çempionaty bilen hoşlaşdy

Meksikadan soňra ABŞ hem 1/16 tapgyra çykdy

Dünýä çempionatynyň il çalt goly geçirildi

Ata Watan Eserleri

Gaiti – dünýä çempionaty bilen hoşlanan ilkinji ýygyndy

Meksika ilkinji bolup, 1/16 tapgyryna çykdy

Ata Watan Eserleri