Angliýadaky tagtyň ikinji mirasdüşeri, şazada Uilýamyň aýaly Keýt Middlton Kensington köşgünde öý hyzmatçysyny gözleýändigini habar berdi. Neşir edilen mahabatda ýekeje berk düzgün ünsi özüne çekdi. Şeýle-de bolsa, Korollyk maşgalasyna işe alynýan hünärmen söhbetdeşliklerde dalaşgärlere garaşýan gyzykly jikme-jikliklerini aýtdy.
“The Mirror” gazetiniň habaryna görä, Kembrijiň gersogy Keýt Middltonyň maşgalasy bilen işleýänler üçin berk düzgüni bar. 40 ýaşly şazenany, adamsy şazada Uilýam we çagalary Jorj, Şarlot we Lois bilen ýaşaýan öýüniň rahat bolmagyny üpjün etmek üçin işgär toplamakda-da gaty ýokary standartlara eýedigi mälim edildi. Patyşa hojalygynyň resmi web sahypasynda ýakynda çap edilen iş tenderi Patyşa jübütleriniň öý işlerini ýerine ýetirmegi we “goldaw toparyna goşulmagy” üçin “tolgundyryjy pursat” hökmünde häsiýetlendirildi. Mahabatda: “Özüňe ýeterlik bolmaly we bilelikde işlemekden lezzet almaly” diýlip ýazyldy. Emma gybat üçin çydamlylyk ýok, sebäbi är-aýal dalaşgärleriň gizlinligi saklamaly we paýhasly bolmalydygyny aýdýarlar. Aýratynam Middltonyň bu meselede örän duýgur bolandygy mälim edildi. Şa köşklerine işe alyş müdiri Waterman, iş söhbetdeşliginde dalaşgäriň nähili täsirlenýändigini görmek üçin otagyň bir ýerinde öli siňegiň ýerleşdirilendigini aýtdy. The Royals at Christmas atly dokumental filmde Waterman: “Bäş ýyldyzly myhmanhanada öý işgäri bilen şa köşgündäki gyrnagyň arasyndaky tapawut jikme-jiklige ünsi çekýär” –diýip, çykyş etdi.
Waterman, dalaşgäriň jikme-jiklik üçin gözüniň bardygyny ýa-da ýokdugyny anyklamak üçin iň gowy görýän synaglarynyň biri, ölen siňegi ojakda ýa-da halyda goýmalydygyny aýtdy. Waterman: “Öli siňek ýerleşdirilenden soň, dalaşgäri otaga getirýärin. Olary otaga seretmäge mümkinçilik berýän, otagyň içindäki zatlara azajyk göz aýlaýarlar ” -diýdi.