SPORT

1 milliarddan gowrak bergisi bolan futbol topary

Ispaniýanyň “Barselona” toparynyň direktorlar geňeşiniň täze düzümi bilen “Deloitte” audit kompaniýasy toparyň maliýe ýagdaýy barada seljerme geçirdi. Seljermäniň netijesinde, toparyň ägirt uly bergisiniň bardygy anyklandy.

Geçirilen seljermäniň netijesinde, katalon toparynyň ozalky ýolbaşçysy Žozep Bartomeu döwründe bergisiniň 1,17 milliard ýewro barabar bolup, arassa ýitgisiniň 481 million ýewro deňdigi mälim edildi. Şeýle hem toparyň zähmet haky gaznasy hem beýleki öňdebaryjy toparlara görä, 40 göterim ýokarydyr.

Toparyň wise-prezidenti Eduard Romeu täze ýolbaşçy düzümiň tygşytlan serişdeleri barada habar berdi.

– Soňky aýlarda zähmet haklaryndan 159 million ýewro tygşytlamagy başardyk” – diýip, Romeu mälim etdi.

Ispaniýanyň “Barselona” toparynyň ýolbaşçysy Žuan Laporta 2021-nji ýylyň 7-nji martyndan bäri topara ýolbaşçylyk etdi.

 

Günorta Koreýa dünýä çempionatyna gatnaşýar

Related posts

Ispaniýa we Italiýa uly futbola gaýdyp gelýär

Ata Watan Eserleri

Tokio 2020 oýunlary süýşirilmegine garaşylýar

Çempionlar ligasy: “Sitiniň” 7:0-lyk ynamly ýeňşi