SPORT

Eriksen ahyry meýdançalara dolanýar

Geçen ýylyň tomsunda futbol boýunça Ýewropa çempionatynda meýdançada ýüregi durup, täzeden durmuşa dolanan daniýaly futbolçy Kristian Eriksen täzeden meýdançalara dolanýar. Ol Angliýanyň “Brentford” topary bilen resmi şertnama baglanyşdy.

Bu şertnama iňlis topary tarapyndan daniýaly futbolça edilen bir asylly iş bolman, eýsem Eriksen meýdançada hem toparyna kömek etmegi meýilleşdirýär.

Angliýanyň milli çempionatynda çykyş edýän “Brentford” topary möwsümiň ahyryna çenli şertnama baglanyşdy.

Topar Erikseniň oýnamak üçin taýýardygyny göz öňünde tutup, şertnama baglanyşdy. Futbolçynyň Ýewropa çempionatyndaky ýagdaýy sebäpli onuň lukmançylyk barlaglary has düýpli alnyp barlar.

Futbolçy kardiolog lukmanynyň hem-de Angliýanyň futbol assosiasiýasynyň tassyknamasyndan geçdi. Şonuň esasynda Angliýada futbol oýnamaga mümkinçilik aldy.

Aslynda Italiýanyň “Inter” toparynyň futbolçysy bolan Eriksen ýüreginde kardiostimulýator bolandygy üçin oňa Italiýada oýnamaga rugsat bermediler. Şoňa görä-de, “Inter” topary Eriksen bilen şertnamanyň uzaldylmagyna oňyn garamady.

Eriksen üçin Angliýanyň çempionaty nätanyş däl. Ol ozal, Angliýanyň “Tottenhem” toparynda çykyş edip, özüni görkezmegi başarypdy.

Erikseniň maksady şu ýylyň noýabr-dekabrynda Katar döwletinde geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatynda Daniýanyň düzüminden çykyş etmekden ybarat.

 

01-nji fewral ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ýene-de okaň

Ronaldo “Al-Nasr” bilen meýdança çykdy we gol geçirdi

Gazagystan 32 ýyldan soňra ýene-de altyn Olimpiýa medalyny gazandy

“Arkadag” – “Al-Nassr”: bahreýnli eminler topary eminlik eder

Ata Watan Eserleri

Ronaldo we “Al-Nasr” toparyndaky ýagdaý

«Arkadag» futbol topary ýaş türkmen türgenleri bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Messi ýoldaşlyk duşuşygynda “Barselona” gol geçirdi