Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowanyň hem-de Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýakynda geçiriljek Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisine taýýarlyk görmek bilen bagly meselelere garaldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maslahaty açyp, möhüm wakanyň — Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisiniň ýakynlaşyp gelýändigine ünsi çekdi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, biziň Garaşsyz döwletimizi 2022 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň örän möhüm ugurlaryny kesgitlemek onuň esasy meseleleriniň biridir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýyl Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilenine 30 ýyl dolýandygyna ünsi çekdi. Şoňa görä-de, Esasy Kanunymyzyň many-mazmunyny we kadalaryny, esasan hem, adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak babatda alnyp barylýan uly işleri halk köpçüligine giňden wagyz etmek boýunça çäreler toplumynyň geçirilmelidigini tabşyrdy.
Daşary işler ministrligi bilen bilelikde şu ýylyň maý aýynda geçirilmegi göz öňünde tutulýan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumyna, onuň çäginde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň zenanlarynyň dialogyna gowy taýýarlyk görmeli. “Parlamentara forumyň gün tertibiniň taslamasyny düzüp, bu ugurda ýurdumyzyň Hökümeti bilen bilelikde işleri alyp barmaly” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Dürli ýurtlaryň parlamentleri, şeýle hem abraýly halkara guramalar bilen gatnaşyklary pugtalandyrmak we ösdürmek boýunça netijeli işleri dowam etmeli. Parlamentara toparlaryň, dostluk toparlarynyň işine Halk Maslahatynyň agzalarynyň hem gatnaşmagy üçin degişli işleri alyp barmaly.
Milli Liderimiz ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça Hökümet, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, ylmy edaralar, jemgyýetçilik birleşikleri, ýokary okuw mekdepleri bilen ýakyndan aragatnaşyk etmelidigini aýdyp, bu edaralaryň wekilleriniň iş toparlarynyň işine gatnaşmagyny ýola goýmagy tabşyrdy.
Syýasy partiýalar hem-de jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde Watanymyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünliklerini wagyz etmek boýunça işler yzygiderli alnyp barylmalydyr.
«Döwlet adam üçindir!» diýen syýasaty alyp barýan berkarar döwletimizde raýatlarymyzyň hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmak, durmuş goraglylygyny pugtalandyrmak boýunça yzygiderli alada edilýär. Ekologiýa babatda amala aşyrylýan işlerde hem uly öňegidişlikler gazanylýar. Şunuň ýaly üstünlikli gadamlar “Açyk gapylar” syýasatyny, Bitaraplyk ýörelgelerini durmuşa geçirmekde hem aýdyň ýüze çykýar.
Ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ugurlaryna sanly ulgamy, nou-haulary ornaşdyrmak, şular bilen baglylykda, ýaşlaryň häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryndan baş çykarmaklaryny gazanmak ugrunda birnäçe ähmiýetli işler amala aşyryldy.
Berdimuhamet Annaýew adyndaky harby mekdebiň täze binasynyň düýbi tutuldy