DÜNÝÄ

Täze taýçanaga “Zaman” diýlip at berildi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Ahal welaýaty boýunça iş saparyny amala aşyryp, sebitiň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygyndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekleriň birinde ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda täze taýçanagyň dünýä inendigi baradaky hoş habary eşiden hormatly Prezidentimiz täze doglan taýçanagy görmek maksady bilen topluma bardy.

Bu ýerde işleýän atşynas hormatly Prezidentimize täze doglan taýy görkezdi. Milli Liderimiz şu gün taryhy gün bolandygyny, Täze ýylyň ilkinji günlerinde täze taýçanagyň dünýä inmeginiň buşluk getirendigini belledi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň seýisi, Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary Orazmyrat Annalyýew milli Liderimizden täze taýçanaga mynasyp at dakyp bermegi haýyş etdi.

Milli Liderimiz täze doglan taýçanaga “Zaman” diýip at dakdy we onuň boýnuna käbesi Ogulabat ejäniň ören alajasyny dakdy.

Bu taýçanak Gözbaş we Keýkilhanyň neslinden bolup, meşhur Pereňiň ugruna degişlidir.

Mälim boly ýaly, geçen ýylyň ilkinji günlerinde dünýä inen taýçanaga Aşgabat ady dakylypdy. Ol paýtagtymyzyň 140 ýyllygy bilen baglylykda Aşgabat adyna eýe bolupdy.

 

11-nji fewralda Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisi geçiriler

Ýene-de okaň

Özbegistanda Ministrler Kabinetiniň täze düzümi tassyklandy

Owganystan bilen goňşy döwletleriň Daşary işler ministrleriniň duşuşygy Aşgabatda geçiriler

Trampdan türk asylly lukmana teklip

Ata Watan Eserleri

Özbegistanda Abdulla Aripow täzeden Premýer-ministr boldy

Türkmenistanyň has howpsuz geljegini gurmakda ýaşlaryň işjeň gatnaşmagy

Braziliýada “G20” sammiti geçirilýär