Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça, şu ýylyň 8-9-njy ýanwarynda Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň möhüm ugurlary boýunça iş duşuşyklaryny geçirmek üçin Hökümet wekiliýeti Tähran şäherine iş saparyny amala aşyrýar.
Şu gün, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň wekiliýeti Eýranyň hökümeti bilen birnäçe duşuşyklary geçirdi.
Eýranyň Nebit ministri Jawad Owji bilen gepleşikleriň dowamynda taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini ara alyp malsahatlaşdylar, şeýle hem iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary boýunça döwletara ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi barada pikir alyşdylar.
Nebit-gaz ulgamynda, şeýle hem nebiti gaýtadan işleýän pudakda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň wajyp ugurydygyny aýratyn bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, söwda-ykdysady we energetika ulgamlarynda netijeli hyzmatdaşlygy has-da güýçlendirmegiň zerurlygy mälim edildi.
Şol gün, türkmen wekiliýetiniň Eýranyň Ýol we şäher gurluşyk ministri Rostam Gasemi bilen gepleşikleri geçirildi. Duşuşykda iki ýurduň ägirt uly mümkinçilikelerini göz öňünde tutup, ýangyç-energetika pudagynda, senagat ulgamynda, ulag we aragatnaşyk pudagynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine, hususan-da halkara we sebitleýin awtomobil ýollar we demirýol gatnawlarynyň ugurlarynyň giňeldilmegine aýratyn üns berildi.
Türkmen tarapy, Eýranyň Türkmenistan üçin esasy söwda-ykdysady hyzmatdaşlaryndan biridigini belledi. Bu hereketleriň işjeňleşdirilmeginde möhüm orun Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-eýran toparyna degişlidir, onuň 16-njy mejlisi geçen ýylyň oktýabr aýynda Tähranda geçirildi.
Şol gün, Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň EYR-nyň birinji Wise-prezidenti Mohammad Mohber bilen hem duşuşygy hem geçirildi. Onuň çäklerinde ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bu ugurda taraplar özara ynanyşmak ýörelgesine esaslanýan syýasy-diplomatik gepleşiklere hem-de netijeli söwda-ykdysady hyzmatdaşlyga daýanýan Türkmenistanyň we Eýranyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýokary derejesini bellediler.
Günüň ikinji ýarymynda, Türkmenistanyň wekiliýeti iş saparynyň çäklerinde Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Hosseýn Amir Abdollahiýan bilen duşuşdy.
Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de taraplar özara gyzyklanma bildirilýän ählumumy we sebitleýin syýasatynyň wajyp meseleleri boýunça, ilkinji nobatda bolsa, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek ugrunda iki ýurduň garaýyşlarynyň birligi ýa-da meňzeşligi barada aýtdylar.
Türkmenistanyň hem-de Eýranyň wekiliýetleri syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginiň we pugtalandyrylmagynyň wajypdygyny nygtadylar.
Eýran Türkmenistan bilen tebigy gaz şertnamasyny dikeltmäge gyzyklanma bildirýär