BIZNES

“Gazprom” Türkiýe bilen 4 ýyllyk şertnama baglanyşdy

Russiýanyň “Gazprom eksport” kompaniýasy bilen Türkiýäniň “Botaş” nebitgaz kompaniýasy “Türk akymy” gaz geçirijisi arkaly ýyllyk 5,75 milliard kubmetr tebigy gaz ibermek şerti bilen 4 ýyllyk täze şertnama baglanyşdy. Bu barada Russiýanyň “Gazprom eksport” kompaniýasy habar berdi.

“Gazprom eksport” kompaniýasy bilen “Botaş” nebitgaz şereketi geçen ýylyň 30-njy dekabrynda tebigy gazy ibermek hem-de gaz geçiriji infrastrukturalary ulanmak babatda şertnamalar toplumyna gol çekilipdi.

– Gol çekilen täze şertnama 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girýär. Oňa laýyklykda, “Türk akymy” gaz geçirijisi arkaly her ýyl 5,75 milliard kubmetr tebigy gaz 4 ýyl boýunça iberiler – diýlip, metbugat beýanatynda bellenilýär.

Russiýa Türkiýä Gara deňziň üsti bilen 2 ugur boýunça tebigy gaz iberýär. “Mawy akym” turba geçirijisi 2022-nji ýylyň ahyrynda ulanmaga berildi. Onuň taslama kuwwaty ýyllyk 16 milliard kubmetre deňdir. Ikinji ugur bolsa, “Türk akymy” turba geçirijisidir.

 

Türkmen gazy Azerbaýjana iberilip başlandy

Ýene-de okaň

Türkmen dizaýnerleri ÝB bazaryna çykmagyň mümkinçiliklerini öwrenýärler

Lebap welaýatynyň ykdysadyýeti 2026-njy ýylyň 3 aýynda ýokary ösüş depginini görkezdi

Şu ýyl Lebap welaýatynda 8 desganyň açylmagyna garaşylýar

Farap etrabynda täze söwda bazary gurlar

«Şabat» türkmen-özbek serhetýaka söwda merkezinde söwda dolanyşygy ýokarlanýar

Yslamabatda türkmen-pakistan işewürlik hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy