SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

“S7”: Türkmenabat-Moskwa uçar gatnawy barada

Russiýanyň  “S7” awiakompaniýasy tarapyndan 2022-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda Türkmenabat-Moskwa ugry boýunça nobatdaky ýörite uçar gatnawynyň amala aşyrylmagy meýilleşdirilýär.

Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň “Telegram” jemgyýetçilik torundaky hasabynda habar berildi.

Şol habarda hususan-da şeýle diýilýär:

Russiýanyň  “S7” awiakompaniýasynyň Aşgabat şäherindäki edarasy 10-njy ýanwardan (duşenbe güni) adaty tertipde işläp başlar.

Şu ýylyň 14-nji ýanwarynda Türkmenabat-Moskwa ugry boýunça meýilleşdirilen ýörite uçar gatnawy boýunça Aşgabat şäherinde awaipetekleriň satylyp başlanmagynyň senesi we wagty soňra habar berler.

Mälim bolşy ýaly, koronawirus pandemiýasy döwründe Türkiýäniň “Türkhowaýollary” kompaniýasy bilen bir hatarda Türkmenistanyň “Türkmenistan” awiakompaniýasy hem-de Russiýanyň “S7” awiakompaniýasy ýörite gatnawlary amala aşyrýar.

Russiýanyň “S7” awiakompaniýasy 2020-nji ýylyň martyndan 2021-nji ýylyň ahyryna çenli 32 ýörite gatnaw amala aşyrdy. Bu gatnawlaryň agramly bölegi Türkmenabat-Moskwa ugry boýunça ýerine ýetirildi.

Golaýda, ýagny, 4-nji ýanwarda Türkiýäniň “Türkhowaýollary” kompaniýasy Täze, 2022-nji ýyldaky ilkinji halkara ýörite gatnawyny – Stambul-Türkmenbaşy-Stambul ugry boýunça amala aşyrdy. Bu baradaky habary biz okyjylar köpçüligine 3-nji ýanwarda ýetiripdik.

Biz mundan sonra halkara uçar gatnawlary baradaky habarlary “Atawatan TW Youtube” kanalymyzda hem yzygiderli ýerleşdirmegi meýilleşdirýäris.

 

THY: täze ýylyň ilkinji ýörite gatnawy

Ýene-de okaň

Russiýa bilen Iordaniýa syýahatçylar üçin wiza düzgünini ýatyrdy

Täze serhetara syýahatçylyk ugry Türkmenistany, Özbegistany we Gazagystany birleşdirer

Türkmenistanda ilkinji gezek rizotomiýa operasiýasy üstünlikli geçirildi

“Türkmenhowaýollary” Kazan we Jidde ugurlaryna uçar gatnawlaryň sanyny artdyrýar

Türkiýäniň syýahatçylyk girdejisi artdy

Aşgabat-Türkmenbaşy ugry boýunça goşmaça uçar gatnawlary amala aşyrylýar