Müsürdäki Sues kanaly 2021-nji ýylda 6.3 milliard dollar girdeji gazandy. Bu görkeziji kanalyň taryhyndaky iň ýokary görkezijidir. Bu barada suw arteriýasynyň müdirliginiň ýolbaşçysy Usama Rabia habar berdi.
– 2021-nji ýylyň dowamynda kanalyň taryhynda täze we görlüp-eşidilmedik rekordlar goýuldy we ýyllyk girdejisi 6,3 milliard dollar boldy – diýip, kanalyň müdirliginiň ýolbaşçysy belledi. Kanalyň 2021-nji ýyldaky girdejisi 2020-nji ýyl bilen deňeşdireniňde 12,8 göterim köpdür. 2020-nji ýyldaky girdeji 5.6 milliard dollara deň bolupdy.
Mundan başga-da, ýyllyk arassa tonnažy hem rekord derejä ýetdi, bu 1,27 milliard tonnadan geçdi, bu bolsa geçen ýyldakydan 8,5% köp. Umuman aýdanyňda, 2020-nji ýylda 18830 gämi geçen bolsa, 2021-nji ýylda 20694 gämi geçdi.
Sues kanaly 1869-njy ýylyň noýabr aýynda ýük daşamak üçin açyldy. Onuň işe girizilmegi, ozal tutuş Afrika yklymynda aýlanmaga mejbur bolan söwda we harby gämiler üçin Aziýadan Ýewropa deňiz ýoluny azyndan 8 müň km gysgaltmaga mümkinçilik berdi. Häzirki wagtda bu kanal uzynlygy 160 km we çuňlugy 20 metrden gowrak bolup, dünýäniň iň uly gämilerine, şol sanda iň uly nebit tankerlerine-de geçmäge mümkinçilik berýär.
Geçen ýyl 23-nji martda Panamanyň baýdagynyň astynda 400 metr uzynlykdaky “Ever Given” konteýner gämisi kanalyň bir setirli günorta bölegini ýapanda, häzirki zaman taryhynda iň uly heläkçilige uçrady. Gämini ýalpak ýerlerden çykarmak üçin alty gün gerek boldy, şol döwürde 400-den gowrak gämi geçelge üçin hatara düzüldi we dyknyşyk Hindistana çenli uzalypdy. Kanalyň ýolbaşçylary ýetiren zyýany we konteýner gämisini aýyrmak üçin çykdajylar üçin eýesinden 916 million dollar öwez tölegi talap etdi. 7-nji iýulda taraplar ylalaşyk şertnamasyna gol çekdiler.