BIZNES

“Gazprom” 13 ýylyň iň gowy görkezijisini gazandy

Russiýanyň “Gazprom” kompaniýasy 2021-nji ýylda tebigy gaz önümçiligini 62,2 milliard kubmetr artdyryp, 514 milliard kubmetre ýetirdi. Bu görkeziji kompaniýanyň soňky 13 ýyldaky iň uly görkezijisidir. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Alekseý Miller habar berdi.- 2021-nji ýylda 514,8 milliard kubmetr tebigy gaz öndürdik. Bu soňky 13 ýylda iň gowy netije. Bu bolsa, 2020-nji ýyl bilen deňeşdireniňde 62,2 milliard kubmetrdir köpdür. “Gazprom” -yň önümçiliginiň ösüşi, 2021-nji ýylda global gaz sarp edilişiniň ösüşiniň iň uly paýyny öz içine aldy – diýip, Miller belledi.2021-nji ýylda daşary ýurtlara gaz eksporty 5,8 milliard kub metr artyp, 185,1 milliard kubmetre deň boldy. Bu “Gazpromyň” taryhyndaky iň uly dördünji görkezijidir.

Russiýanyň turba geçirijiler arkaly tebigy gazyny satyn alýan ýurtlaryň sany 15-e deňdir. Iň köp eskport Germaniýa, Türkiýe we Italiýada amala aşyryldy.

 

Sues kanaly rekord girdeji gazandy

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň serhetüsti ýük dolanşygynyň möçberleri ýokarlandy

Türkmen-täjik işewürler geňeşiniň mejlisi geçiriler

Türkmen-türk ykdysady hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Daşoguz şäherindäki pagta egriji fabrikde täze önümçilik işe giriziler

Türkmen-özbek toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

Türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi