Dünýäniň 184 döwletinde koronawirus ýokanjyna garşy 8.95 milliard dozadan gowrak sanjym edildi. Bu barada “Bloomberg” neşiri habar berýär.
Agentligiň hasabatyna görä, her 100 adam 116 doza düşýär. Ortaça her gün tutuş dünýäde 43,4 million sany “COVID-19” ýokanjyna garşy sanjym edilýär.
– Häzirki wagtda dünýäde adamzadyň taryhynda iň köp gerimli sanjym çäresi geçirilýär. Umuman, 8.95 milliard doza sanjym edildi – diýlip, neşiriň habarynda bellenilýär.
Sanjymyň şu depgini saklanan halatynda, dünýä ilatynyň 75 göteriminiň azyndan sanjymyň 1 dozasyny kabul etmegi üçin ýene-de 5 aý gerek bolýar. Şonda Ýer şarynyň durmuşy adaty akymda dowam edip başlar.
Bilermenleriň bellemegine görä, häzirki wagtda dünýäniň 38 döwletinde ilatyň 75 göterimi azyndan koronawirus ýokanjyna garşy sanjymyň 1 dozasyny kabul edipdir.
Häzirki sanjym döwründe girdejisi ýokary derejede bolan döwletlerde girdejisi az dereje bolan ýurtlara garanyňda, sanjym çäresi 10 esse ýokary depginde alnyp barylýar.
Häzirki wagtda Hytaýda koronawirus ýokanjyna garşy 2,7 milliard doza sanjym edildi, ýurduň ilatynyň 85.2 göterimine doly sanjym edildi. Fransiýada bu görkeziji 79,6 göterim, Germaniýada 70,9 göterim, Beýik Britaniýada bolsa 70,7 göterime deňdir.
Şol bir wagtda Kongo Respublikasynyň ilatynyň 0,1 göterimi, Çadyň ilatynyň 0,5 göterimi, Gaitiniň ilatynyň 0,6 göterimi sanjym edildi.