TEHNOLOGIÝA

“Toyota”-yň Ýaponiýada önümçiligini togtatmak karary

“Toyota Motor” täze görnüşli koronawirusynyň (Covid-19) awtoulag çalşyrgyç şaýlaryny üpjün edýän pudaga ýaramaz täsiri netijesinde geljek aý Ýaponiýadaky 5 desgasynda önümçiligini bes eder. “Covid-19” ýagdaýynyň artýan tendensiýasy dowam edýän ýurtlarda ätiýaçlyk şaýlary zawodlaryny işledip bilmezlik bilen, global ýarymgeçiriji çip üpjünçiligi ýetmezçiligi öndürijileri kyn ýagdaýa salýar. “Toyota” kompaniýasynyň beren beýanatyna görä, 2022-nji ýylyň ýanwar aýynda Takaoka, Yoshoşiwara, Inabe, Fujimatsu we Nagakusa zawodlarynda jemi 7 önümçilik liniýasy wagtlaýyn togtadylýar. Bölekleriň we çipleriň ýetmezçiligi sebäpli, programma “Harrier” we “RAV4” kysymly awtoulaglary goşmak bilen jemi 20 müň ulagyň önümçiligini gijikdirer.

Şeýle hem, ýakyn wagtda “Toýota” kompaniýasy gelejek ýyllardaky meýilnamalaryny yglan etdi. 2030-njy ýyla çenli bu marka ýolagçy we täjirçilik segmentlerinde 30 batareýa elektrik ulagynyň önüm toplumyny döreder.

“Toyota” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Akio Toýoda metbugat ýygnagyny geçirdi we indiki döwür üçin elektrik ulagynyň meýilnamalaryny yglan etdi. “Toyota” 2030-njy ýyla çenli ýolagçy we täjirçilik segmentlerinde 30 batareýaly elektrik ulagyny satuwa çykarar. Şeýle hem, “Toýota” 2030-njy ýyla çenli dünýäde 3,5 million akkumulýatorly elektrik ulagynyň ýyllyk satuwyny gazanmagy maksat edinýändiklerini mälim etdi. Soňky 26 ýylda takmynan 1 trillion ýen maýa goýup, “Toyota” 19 milliondan gowrak batareýa öndürdi. “Toyota” batareýalara goýulýan maýa goýumlaryny 2 trillion ýenä çenli ýokarlandyrmak kararyna gelendigini mälim etdi. Metbugat konferensiýasynda görkezilen ulaglar, barha giňeýän “bZ” (noldan başga) önümleriň görnüşi barada maglumat berdi. Kompaniýa “BZ4X” bilen başlanan önümiň diapazony kem-kemden bütin dünýäde giňelder. “BZ4X”-e goşuljak täze “bZ” seriýaly modeller, “bZ”-iň ykjam “krossover” modeli, “bZ” ykjam “SUV”, “bZ Sedan” we “bZ” uly “SUV” ýaly görnüşlerden ybarat bolar we “bZ” önümleriniň gerimini ähli ugurlarda giňelder. Giňeldilýän önümleriň hataryna elektrik sport awtoulaglary, ýoldan çykýan ulaglar, pikap modelleri we täjirçilik ulaglary hem girer.

Bu strategiýanyň bir bölegi hökmünde, “Toyota” 2035-nji ýyla çenli Günbatar Ýewropada täze awtoulag satuwyndan CO2 zyňyndylaryny 100 göterim azaltmagy meýilleşdirýär.

 

22-nji dekabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ýene-de okaň

Aşgabat-Türkmenabat awtomobil ýoly 4G ulgamy bilen üpjün edildi

“Apple” kompaniýasy baş direktory täzelenýär

Gresiýa 15 ýaşa ýetmedik çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan eder

Ermenistanda 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlara elýeterlilik çäklendiriler

NASA-dan taryhy ädim: 54 ýyldan soň Aýa ilkinji adamly uçuş başlady

Internet ulanyjylarynyň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlar