Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça edarasy bolan ÝUNESKO tarapyndan dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň «Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizildi. Bu barada guramanyň “Twitter” resmi jemgyýetçilik torunda habar berilýär.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan döwletimiz tarapyndan ÝUNESKO guramasyna ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek üçin «Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty» atly hödürnama edilipdi. Şol hödürnama 15-nji dekabrda ÝUNESKo edarasynyň Pariž şäherinde onlaýn tertibinde geçirilen Maddy däl medeni miras boýunça hökümetara komitetinde seredildi we resmi taýdan bu babatda çözgüt kabul edildi.
Munuň üçin dutar ýasalyşynyň dürli pursatlaryny açyp görkezýän fotosuratlaryň albomy döredildi. ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak baradaky Konwensiýasynyň talaplaryna laýyklykda, dutar ussaçylygy we bagşyçylyk sungaty barada widerolik taýýarlanyldy.
Türkmen halkynyň belli saz guraly dutar Merkezi Aziýa halklarynyň arasynda has giňden ýaýran saz guralydyr. Ol özbeklerde-de, garagalpaklarda-da, gyrgyzlarda-da, uýgurlarda-da we başga-da birnäçe halklarda bar. Emma olar bir-birlerinden möçberleri, perdeleri, hatda kirişleri boýunça hem tapawutlanýarlar.
Türkmen dutarynyň asyl nusgasynyň kädisi tut agajynyň içini köwmek bilen ýasalýar. Gapagy hem tut agajyndan ýasalyp, tamdyryň çoguna ýakylyp bejerilýär. Şonuň üçin-de dutara tamdyra hem diýilýär. Dutaryň iki kirişi boýar. Şol sebäpli-de gündogar halklarynda oňa dutar diýýärler. «Du» arap-pars dilinde «iki», «tar» bolsa kiriş diýmekdir. Dutar barada halk köp rowaýatlar döredipdir. Olaryň iň ýörgünlileriniň biri Babagambaryň dutar ýasaýşy we aty oýnadyşydyr.
ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawynda 500-e golaý dünýä halklarynyň milli mirasyna degişli gymmatlyklar bar. Şol gymmatlyklaryň üsti her ýyl ýetirilýär. Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawynda dünýä halklarynyň milli saz gurallary, bagşylyk sungaty, baýramçylyklary hem-de dürli rituallary bar.