Polatdan pugtadyr agzybirligmiz,
Beýik eýýama eltýär jebisligimiz,
Belentde ýaňlanýar aýdym-sazymyz,
Türkmenistan – dost-doganlyk mekany.
Baýrama beslenýär her gözel pasyl,
Rowaçlyklar bilen beýgelýär nesil,
Ylym-bilimleriň ýurdudyr asyl,
Türkmenistan – ösüşleriň Watany.
Bagta barýan ýollar dünýäň damary,
Çar ýana uzaýar kerwen ýollary,
Ykbal öňe sürýär rowaçlyklary,
Türkmenistan – parahatlyk Watany
Ýagşyýewa Gülbahar
Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň
“Nemes dili we edebiýaty” hünäriniň
II ýyl talyby.
Türkmenistandan Russiýa ýörite uçar gatnawy meýilleşdirilýär