Şükür et sen, bu dünýede dirikäň
Gursagyňdan urýan sese şükür et.
Saňa dünýä beren eneň hem ataň,
Baýlygna däl, barlygyna şükür et.
***
Säher tursaň gök asmana seredip,
Dogýan güni görýäniňe şükür et.
Sähel gussa batan göwnüň eredip
Biläýjek doganyň, bolsa şükür et.
***
Başymda dag diýip özüň gynama
Ol daglar bolsada, pes ýa-da belent
Ynamsyz duýgudan ömrüň synama,
Dabanlaryň basanyna şükür et.
***
Halal zähmetiňden gelse müň peýda,
Müňüsi berse-de bir döwüm çörek
Peýdasyndan diňe alkyş inse-de,
Lezzetine gana-gana şükür et.
***
Mähir gözläp özge ýürek gapydan
Barmazdan öň bir ynsany pikir et
Seniň üçin geçip biljek janyndan,
Käbäň öçmez söýgüsine şükür et.
***
Bolmasada köşk-eýwanly aslymyz,
Küme bolsun altyndan tagta derek
Töründe-de joşup dursa bagtymyz,
Sebäpsizem güljek bagta şükür et.
***
Arzuwyň ummany süýji zat, emma
Goldakyň gadryny bilmegem gerek
Artykmaç bagt nesip eýlemez hemmä,
Şonuň üçin, bar zadyňa şükür et!
Gurbanmyrat Şammakow,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniñ
Himiya fakultetiniñ mugallymy.
Türkmenistandan Russiýa ýörite uçar gatnawy meýilleşdirilýär