DÜNÝÄ

Hormatly Prezidentimiz Bitaraplyk binasyna gül goýdy

Şu gün türkmen halky dünýä jemgyýetçiligi bilen bir hatarda 12-nji dekabr – Halkara Bitaraplyk gününi giňden belläp geçdi. Ýurdumyzyň ähli ýerinde baýramçylyk dabaralary guraldy.

Hormatly Prezidentimiz Watanymyzyň Bitaraplygynyň 26 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli paýtagtymyz Aşgabatdaky Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, dabara Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary, ýurdumyzdaky daşary ýurtlaryň ilçileri, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri we köp sanly myhmanlar gatnaşdy.

Gül goýmak dabarasynda ýurdumyzyň baky Bitaraplygynyň 26 ýyllyk dabaralarynyň çäklerinde geçirilen “Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara maslahata gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Husraw Noziri, Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Bagdad Amreýew, Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Dýusen Kaseinow, Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Teri Hakala we beýleki myhmanlar hem gatnaşdy.

Milli Liderimiz dabarada kaşaň binanyň etegine gül çemenini goýýar. Soňra Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary we ähli dabara gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzyň göreldesine eýerip, binanyň etegine gül desselerini goýdular.

Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli guralýan baýramçylyk çäreleri Diýarymyzyň ähli sebitlerinde giň­den ýaýbaň­landyryldy.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Seýşeller Respublikasynyň ministrleriniň telefon arkaly söhbetdeşligi

Günorta Koreýa ABŞ-nyň ykdysadyýetine 350 milliard dollar maýa goýar

Arkadag şäherinde täze şaýoly we döwrebap köpri açyldy

Hytaý 75 ýurduň raýatlary üçin wiza düzgünini ýatyrdy

Türkiýe-Gazagystan: 20 resminama gol çekildi

Kamçatkada 8.7 bal güýjünde ýer titredi