SPORT

Eýranly Azmun “Lion” toparyna geçip biler

Russiýanyň “Zenit” toparynyň düzüminde çykyş edýän eýranly Serdar Azmunyň mundan soňra futbol karýerasyny Fransiýanyň “Lion” toparynda dowam edip biler. Bu barada Fransiýanyň “L’Equipe” gazetinde habar berilýär.

Şol neşiriň habayrna görä, Azmun fransuz topary bilen şahsy şertnamasynyň şertleri boýunça ylalaşyk gazandy.

Bellenilip geçilişi ýaly, eýranly futbolçynyň şertnamasynyň möhleti 2026-njy ýylyň iýunyna çenli dowam eder. Mälim bolşy ýaly, Azmunyň ýakynlary eýýam Fransiýada bolup, oňa täze öý seredipdirler.

Fransiýanyň “Lion” toparynyň ýolbaşçy düzümi şu ýylyň ýanwarynda Russiýanyň “Zenit” topary bilen gepleşikler geçirip, ylalaşmagy meýilleşdirýär.

Eýranly Azmunyň Russiýanyň “Zenit” toparyndaky şertnamasynyň möhleti 2022-nji ýylyň tomsunda tamamlanýar.

Ol Russiýanyň “Zenit” toparynyň düzüminde şu möwsümde 21 duşuşykda 10 gol geçirdi.

 

Samuel Eto’O futbol federasiýanyň baÅŸlygy boldy

Related posts

3-nji oktýabr: Döwletjan Ýagşymyradow Kori Anderson bilen duşuşar

Ata Watan Eserleri

Döwletjan Ýagşymyradow nobatdaky tutluşygyna çykar

Gwardiola özbek futbolçysy üçin rus ýa-da özbek dilini öwrenmekçi

Ata Watan Eserleri