SIZDEN GELENLER

Psihiki ösüş akyl ösüşi hökmünde

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumuzyň ähli pudaklarynda düýpli özgerişler amal edilýär. Şol özgerişleriň iň ähmiýetlileriniň biri-de ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösdürmek barada kabul edilen Permanlar, Kararlar, Konsepsiýalar Bilim hakynda Kanunyň kabul edilmegidir. Bilim syýasatynyň esasy maksady ýurdumyzda berilýän ylym-bilimi dünýä standartyna laýyk getirmek we häzirki zaman ylmyndan, täze tehnologiýalaryndan oňat baş çykarýan ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekdir. Hormatly Prezidentimiziň öňde goýan bu ajaýyp we beýik maksadyna ýetmeklik döredijilikli pikirlenip bilýän ýaş nesli kemala getirmek bilenem berk baglanyşyklydyr. Çagalaryň akyl ýetiriş işjeňligini ösdürmekligi, olaryň öwrenmäge bolan isleginden, gyzyklanmasyndan daşarda göz öňüne getirmek mümkin däldir. Okuwçylaryň derse bolan gyzyklanmalarynyň, olaryň akyl taýdan işjeňliginiň, okamaga bolan islegleriniň artdyrylmagy, täze maglumatlary öwrenmek  höwesleriň döredilmegi we beýlekiler mugallymyň işiniň hilini görkezýän wajyp görkezijiler bolup durýar. Okuwçlarda bilim almaga isleg we zerurlyk döretmek olaryň pikirlerini, gyzyklanmalaryny ösdürmek meselesi bilen aýrylmaz baglydyr. Hakykatdan-da, islendik bir iş ýaly pikirlenmek hem zerurlyk netijesinde ýüze çykýar. Şol sebäpden hem okuwçylaryň akyl ýetiriş zerurlyklaryny oýarmazdan, terbiýelemezden, olaryň pikirlenmek başarnyklaryny ösdürip bolmaz. Şu nukdaýnazardan mugallym tarapyndan okuwçylaryň akyl ýetiriş işjeňligini ýokarlandyrmak üçin ulanylýan usullar we çemeleşmeler olaryň pikirlenmek ukyplaryny kem-kemden ösdürmegi üpjün etmelidir hem-de şol bir wagtyň özünde olarda okamaga bolan yhlasy we zerurlygy kemala getirmelidir.

Çagalaryň akyl ösüşini guramaklygy öwrenmekligiň psihologik aýratynlyklarynyň baş wezipeleri hökmünde aşakdakylary görkezmek bolar:

–   akyl  ösüş baradaky ylmy garaýyşlary öwrenmek;

–   okuw işinde başarnyklaryň we endikleriň kemala gelşini yzarlamak;

– okuwçylaryň sapaklarda öwrenijilik işjeňligini guramaklygyň esasy     döwürlerini ýüze çykarmak;

– kiçi ýaşly mekdep okuwçylarynyň okuw-aňlaýjylyk işjeňliginiň, akyl ösüşi, onuň tebigatyny öwrenmek, seljermek esasynda akyl ösüşiniň işjeňliginiň psihologik aýratynlyklaryny öwrenmek.

Şahsyýetiň akyl ösüşiniň işjeňligini ýokary derejede gazanmaklyk üçin okuw-terbiýeçilik işlerinde terbiýeçi pedagoglaryň çagalara , okuwçylara güýçýeterli ýumuşlary hödürlemekleri ähmiýetli hasaplanylýar. Bu ugurda psiholog alymlardan Žan Piaže- Şweýsariýa  döwletiniň Newşatel şäherinde  1896-njy ýylyň 9-njy awgustynda dünýä inýär. Psihologiýa ylmyna uly goşant goşan alym. Pedagog-psiholog Piaže “Çagalaryň akyl ösüşi” baradaky nazarýeti öwrenýär. Ol ömrüniň soňky 25 ýylyny, Çagalaryň ýadynyň ösüşi, Çagada akyl hyýallarynyň emele gelmegi, çaga beýnisiniň ösüşiniň derňewini  öwrenipdir. Žan Piaže çaganyň akyl ösüşini dört tapgyra bölmegi makul bilýär we degişli tejribeleri geçirýär. Häzirki wagtda hem pedagog-psiholog alymlar tarapyndan çaganyň akyl ösüşi dowamly we içgin öwrenilýär. Biz hem ösüp gelýän ýaş neslimiziň sagdyn bedenli, sagdyn ruhly, giň dünýä garaýyşly, ahlakly kämil şahsyýetler bolup ýetişmeklerin üçin ylmy gözleglerimizi alyp barmak bilen netijeli barlaglaryň esasynda çagalaryň akyl ösüşini işjeňleşdirmeklige degişli ýumuşlary taýýarlaýarys. Biz ýaşlara okamaga, öwrenmäge döretmäge, dünýä ösüşiniň iň täze gazananlary bilen aýakdaş gitmeklige giň ýol açyp berýän, nusgalyk görelde bolýan Mähriban Arkadagymyza talyp ýüregimizden minnetdarlygymy bildirýärin. Arkadag Prezidentimiziň jany sag, tutumly işleri rowaç bolsun!

            Beşimowa Jemal      

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet

mugallymçylyk inistitutynyň talyby

 

Bägül Berdiýewa dünýä çempionatyndaky çykyşyny ýedinji orunda tamamlady

 

Ýene-de okaň

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

Şekillendiriş sungaty sapagynyň ähmiýeti

Internet torunyň orny we ähmiýeti

Iňlis dili-täze mümkinçilikler

Beýik Seljuk döwletinde bilimiň gurnalmagynda Mälik şanyň hyzmatlary

Bilim – ösüşleriň berk binýady