SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Halkara ýörite uçar gatnawlary barada

Bilşimiz ýaly, dünýäde dowam edýän koronawirus pandemiýasy döwründe adaty uçar gatnawlarynyň ornuny halkara ýörite uçar gatnawlary aldy.

Türkmenistanyň “Türkmenistan” awiakompaniýasy bilen bir hatarda Türkiýäniň “Türkhowaýollary” kompaniýasy hem-de Russiýanyň “S7” awiakompaniýasy halkara derejesinde ýörite uçar gatnawlaryny amala aşyrýar.

Pandemiýa sebäpli 2020-nji ýylyň martynda wagtlaýyn togtadylan uçar gatnawlaryndan soňra häzirki wagta çenli Russiýanyň “S7” awiakompaniýasy Türkmenistandan Russiýa 28-nji ýörite uçar gatnawy ýerine ýetirildi.

Türkiýäniň “Türkhowaýollary” kompaniýasy hem şu döwürde 20-den gowrak ýörite uçar gatnawyny amala aşyrdy.

Täze gelip gowşan habarlara görä, Russiýanyň “S7” awiakompaniýasy, ertir, ýagny 9-njy dekabrda Türkmenabat-Moskwa ugry boýunça 29-njy ýörite gatnawyny amala aşyrar.

“Türkhowaýollary” kompaniýasy hem öňümizdäki günlerde 2 sany ýörite uçar gatnawyny meýilleşdirýär. Olaryň biri – ýagny, ertir 9-njy dekabrda Stambul-Aşgabat-Stambul ugry boýunça, ýene-de biri bolsa – 12-nji dekabrda Stambul-Türkmenbaşy-Stambul ugry boýunça ýerine ýetiriler.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär

Türkmenistanda “Turkmentravel-2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçiriler

Alanýa sizi ultra trail halkara marafona çagyrýar

«ITB BERLIN – 2026» halkara sergisinde Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Daşary ýurt awiakompaniýalary Türkmenistanyň üsti bilen üstaşyr gatnawlary artdyrýarlar