Türkmenistanyň umumy meýdanynyň uly bölegini eýeleýän Garagum sährasy türkmen halkynyň durmuşynda örän uly orun eýeleýär. Özünde ençeme goraghanalary, taryhy ýadygärlikleri, dürli gymmatlyklary jemleýän Garagumyň şanyna ençeme aýdymlar, goşgular döredilipdir. Halk döredijiligi sähra baradaky nakyllardan, matallardan, mukamlardan doly.
Ýakynda “Belli Creative” studiýasynyň hünärmenleri tarapyndan Garaguma bagyşlanyp adybir şrift hem döredildi. Türkmenistanyň taryhynda döredilen ilkinji täjirçilik maksatly şrift bolmak aýratynlygyna eýe bolan bu intellektual önüm ummasyz Garagumyň özboluşly eňňitlerine, çägeli depelerine meňzeş
estetiki aýratynlyklary özüne siňdiripdir. Hormatly Prezidentimiziň innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak baradaky tabşyryklaryndan ugur alyp, täzeçil tehnologiýalary ulanmaga we özleşdirmäge uly ähmiýet berýän “Belli Creative”-iň hünärmenleri häzirki döwrüň ösen talaplaryna gabat gelmegi üçin şriftiň döredilmeginde zerur aýratynlyklaryň bolmagy üçin alada edipdirler.
«Garagum» şrifti özünde diňe türkmen dilinde duş gelýän harplary däl, eýsem, Günbatar Ýewropa dilleriniň aglabasynda ulanmak mümkinçiligini döredýän diakritiki belgileri özünde jemleýär. Şeýle hem onuň «Open Type» we «True Type» elektron formatlary 238 glifleri özünde jemleýär.
Onuň tehniki aýratynlyklary ösen halkara standartlaryna dolulygyna gabat gelýär. Tehniki we estetiki tarapdan kämil aýratynlyklara eýe bolan «Garagum» şrifti ýakynda Monotype kompaniýasynyň dünýä belli Myfonts platformasynda satuwa hödürlenip başlandy (https://myfonts.com/fonts/belli-creative/garagum).
XIX asyrdan bäri tipografiýa tehnologiýalary pudagynda hyzmat berip gelýän amerikan kompaniýasynyň bu platformasy şriftler babatda uly meşhurlykdan peýdalanýar. Onuň 60 müňe golaý şriftden ybarat gory dünýäniň kreatiw pudagynyň işgärleri üçin örän uly ähmiýete eýedir. Studiýanyň hünärmenleri şriftiň döredilmegi ugrunda 4 aý zähmet siňdiripdir. Dört aý gündelik durmuşda şriftleri ulanyp ýören adamlar üçin köp wagt ýaly görünmegi mümkin. Sebäbi kompýuter enjamlarymyz şriftleriň birnäçe görnüşinden doly welin, olary kimiň näçe wagtda döredýändigi barada pikirlenip durmaýarys. Aslynda bolsa şrift döretmek örän hupbatly işdir.
Sebäbi her bir harpyň öwrümleri, aýlawlary bir estetiki ulgam esasynda sünnälenip ýasalmaly bolýar. Ýöne, iş harplaryň we dürli belgileriň ýasalmagy bilen gutaranok. Sözlemler sözden, sözler bolsa harplardan düzülýär. Her bir harp beýleki harp bilen bile gelende düşnükli okalmagyny gazanmak üçin onuň araçäkleri kesgitlenmeli bolýar. Tipografiýa dilinde «kerning» diýlip atlandyrylýan bu araçäk sazlananda 29 dürli ähtimallyk göz öňünde tutulmaly bolýar. «Garagum» şrifti barada studiýanyň web sahypasynda ýörite bölüm (https://bellicreative.com/work/garagum-typeface) hem döredildi. Onda şriftiň döreýiş hekaýasy, tehniki we estetiki aýratynlyklary, şeýle hem ondan peýdalanmak mümkinçilikleri barada gyzykly maglumatlar ýerleşdirilendir.