Arada hal ýagdaýyny sorap, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Baýram Jütdiýewe jaň etdim. Ol saglyk-amanlyk soraşdy-da: — Jigim, 1958-nji ýylda «Edebiýat we sungat» gazetinde ilkinji goşgym çap bolupdy. Şu ýyl ilkinji goşgymyň pygamber ýaşy dolýar — diýip, buýsançly, tolgunma bilen aýtdy welin, sesi gulagymda häzirem ýaňlanyp duran ýaly. 85 ýaşa gadam basan ussat şahyrymyz Baýram aga bilen köplenç jaňlaşýarys. Öňräk bir gün jaň etsem ol, arhiw ýazgylarymy gözden geçirip otyryn, jigim. Tüweleme, birneme iş-ä bitiripdirin, ýöne bu günler saglygym üçin bejergi alyp ýörün. Ýagdaýymdan habar almak üçin ýaňyja lukman geldi. Men oňa sag elimiň penjesini açyp görkezdim-de, ýene-de şunça ýyljyk ýaşarmykam? — diýdim. Lukman iki eliniň penjesini açyp: «Nesip bolsa şunça-da ýaşarsyň» diýdi — diýip loh-loh güldi.
Halypalaryň haýsy biri bilen jaňlaşjak bolsam, hökman elimiň aşagynda galam kagyz goýýan. Sebäbi olaryň ýöne bir mesawy gürrüňlerinde-de ýazyp alynmaly zatlar kän.
«Metbugat öýi» toplumynda işleýän wagtlarymdy. Iş otagym ikinji gatda «Nesil» gazetiniň redaksiýasyndady. Baýram aga-da «Türkmenistan» gazetinde, birinji gatda işleýärdi. Bir mahallar teleýaýlymlarda meşhur sungat ussatlary bilen halkyň arasynda guralan döredijilik duşuşyklary berilerdi. Sowal-jogaply gyzykly gepleşiklere hezil edip tomaşa ederdik. Şular ýaly halypalary ýüzbe-ýüz görüp diňläýsek — diýip arzuw ederdik. Nesibe çekip köpüňiz bilen bile işleşip ýörüs, Baýram aga! Ýöne welin,wagty bahana eden bolup, halypalaryň ýanyna sähel salymlyk salama-da gelmän ýörüs — diýip, käte günorta arakesme bolsa, onuň iş otagyna barýardym. Bir gezek baranymda ol şahsy arhiw suratlaryny görüp otyr eken. Şonda ol maňa özüniň 40 ýaşynda hem-de 80 ýaşynda ýekelikde düşen, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Hudaýberdi Diwangulyýew, Türkmenistanyň halk artisti Kakadurdy Täjimow bilen üç bolup, Hudaýberdi aga bilen iki bolup düşen suratlaryny ýadygärlik berdi. Soňra-da kitabyň gatyndan çykaryp,daşy gaply audio ýazgyny uzadyp: — Jigim, öň soň ýazyp ýören adamsyň bir ýerlerde ulanmagyň mümkin. Şu ýazgyda goşgularymy okanymda ýanymda gowy görüşýän dostum Annageldi Jülge saz çalypdy — diýip gürrüň berdi.
Arhiwimi dörüşdirip otyrkam şondaky berlen suratlar öňümden çykdy. Baýram aga, üç bolup düşen suratyňyz nirede, haçan düşülen surat? — diýip jaň etdim. — Doglan günlerimiň birinde düşülen suratdyr, üç-dört sany bolup özara Gökdepedäki naharhanalaryň birinde belläpdik — diýip gürrüň berdi. Bir günem ol jaň edip: — Jigim, ýaňy sen jaň eden-ä dälsiň-dä? Bir zenan maşgala jaň etdi welin, bir salym gürleşdigem, ýöne indi garramsoň kimdigini sesinden tanamadym. Onsoň kimdigiňizi tanamadym-la? — diýdim. Ol şo bada telefony goýdy. Şo sözümi gaty göräýdimikä? — diýip biynjalyk bolup jaň etdim. Annageldi Jülge jaň edende hemişe ilki bilen: — Men Annageldi Jülgäýew bimaza edýär — diýip özüni tanyşdyrardy. Ýogsa onuň sesini jaň alanymdan tanaýardym — diýdi-de gürrüňini dowam etdi. — Jigim, goşgularymy gowy görýän tanyş ýigitlerimiň biri, täze ýazan goşgularymy göçürip alyp gitdi. Ol goşgy okamagy gowy görensoň, garyndaşlarymyň biriniň ýanynda-da okap beripdir. Garyndaşym goşgularymy diňläp bolupdyr-da: — Diýseň gowy, agramly goşgular eken. Kimiň ýazan goşgulary bu? — diýip sorapdyr. Ýigidem: — Gaýynagaň, Baýram Jütdiýewiň goşgulary — diýse: — Olam muň ýaly gowy goşgular ýazyp bilýämi? — diýip geňirgenipdir — diýip güldi.
Halypa ýazyjy gyzlaryna: «Dözmez ýürekli gyzlarym Lälezar, Aýgözel, Maýagözel, Jahan» diýip ýüzlenýär. Gyz maşgalalar-da. Ejelerem bolmansoň göwnüni tapjak bolup bar üns-aladalary kakalaryndadygy görnüp dur. Bir gezek ýolda sataşanda ol: «Dogaýy diwan» atly goşgular ýygyndym, öňki elipbiýde çap bolupdy. Uly gyzym: «Kaka saňa sowgat etdigim» diýip, kompýuterde täze elipbiýe geçirip berdi. Okandyr-da: «Kaka, uly şahyr ekeniň-ä!» diýdi – diýip, gürrüň bereni ýadyma düşdi. Käte Baýram aga, şu hiliräk goşgy setirler haýsy şahyryň goşgusyndanka? Anyklajak bolýan − diýip, haýyş bilen jaň edýän.
— Pylanyň goşgusydyr ol − diýip, öýünde bolsa-da münberde çykyş edýän ýaly, ol goşgyny öz goşgusy ýaly hormat bilen, doly okaýar. Sagdyn okansoň derrew ýazyp ýetişip bolýar. Ol goşgy okanynda aýdym diňlän ýaly täsir edýär. Aňsat ýadyňdan çykanok.
Bir waka ýadyma düşýär. Şahyr Kerim aganyň dünýeden gaýdan wagtlarydy. Baýram aga onuň iş otagyndaky tahylynda galan el ýazmalaryny öwrenip, tele ýaýlymda çykyş edipdi. Şonda ekiz ogullarynyň taýyny aldyran bir ene derdini egismek üçin Kerim aga hat ýollapdyr. Kerim aga-da oňa duýgudaşlyk bildirip jogap ýazypdyr-da, iberip ýetişmändir. Şol aýdyşyk äheňindäki goşgy bilen ýazylan haty Baýram aga şeýlebir okapdy. Onuň:
Elimden gitdi Ylýasym,
Ýa-da urdumy yhlasym,
Toýuň ýerni tutdy ýasym,
Nirde karar tapaýyn?..
– diýip, agy gatyşykly ses bilen okaýşy häzirem ýadymda. Baýram aga bilen birnäçe gezek döredijilik duşuşyklarynda-da çykyş etdik. Çykyşlaryny diňleýjiler gowy kabul edýärler. Ol her bir duşuşygyň maksadyna laýyk, diňleýjisine görä çykyş edýär. Özem türkmençiligi juda gowy bilýär. Käte öýlerine jaň edenimde telefonda gyzlary bilenem gürleşýän. Mylaýym ses bilen mähirli gürleşýän, sowatly gyzlary bar. Olaryň gürleýşinden welin, rus mekdebi gutarandygyny duýmak bolýar. Onda-da bu barada bir gezek gyzyklanyp soradym. Baýram aga:
— Özüm rus dilini bilmekde kän kösenemsoň, ogullarymy-gyzlarymy kiçiliginden rus mekdebe okuwa berdim − diýdi. Käwagt maşgalamyz bolup toýa baranymyzda alyp baryjylar:
«Buýsanasyň gelýär göze ýaş aýlap,
Ynha, şu topragyň üstünde durkaň,
— Goluňy ýaý, bagty gelen ak ýaýlam —
Diýgin şu topragyň üstünde durkaň».
Ýa-da:
«Ýagşy günler ýagşylyga ýetirsin,
Süýjülikde nabat-halwadan boluň!
Duzuňyz zor bolsun ýeriň ýüzinde —
Türkmeniň tugy deý owadan boluň!»
— diýip, goşgy okaýarlar welin, çagalarym:
— Eje, Baýram aganyň goşgulary okalýar — diýip aýdýarlar. Gowy goşgy bolanda ýatdan çykmaýar. Makalalaryň içinde «Şahyryň şeýle setirlerinde aýdyşy ýaly» diýip, ulanylanda-da okyjylar Baýram aganyň goşgularydygyny tanaýarlar.
Bir günem ol jaň edende: — Jigim, mukaddes Döwlet nyşanlarymyzy synlanymda öz-özüm ganatlanýan — diýip, gürrüňe başlady welin, ondan Döwlet senamyzyň awtorlarynyň biri ekeniňiz-ä, Baýram aga! Şu barada aýdyp bilmersiňizmi?— diýip soradym. Ol: — 10 günüň içinde Gimniň sözlerini ýazmak barada tabşyryk berildi. Türkmenistanyň Döwlet senasynyň sözlerini ýazmak üçin sekiz ýazyjy bolup gatnaşdyk. Berdinazar Hudaýnazarow, Gylyçmyrat Kakabaýew, Kaýum Taňrygulyýew, Sapar Öräýew, Ýylgaý Durdyýew, Gowşut Şamyýew, Atamyrat Atabaýew hem-de özüm. Ählimiz Pöwrizäniň daçasynda jemlendik. Işlemek üçin hemme şert üpjün edilen.Ýolbaşçymyz Berdinazar Hudaýnazarowdy. Gylyçmyrat Kakabaýew şol wagtlar Prezident diwanynda işleýärdi. Gimni ýazmak goşgy ýazmak däl eken. Dört günläp hiç birimiz hiç zat ýazyp bilemizok. Her günem hasabat alnyp dur. Şonda öz ýanymdan «ýurduň sekiz sany ýazyjysy bolup Gimni ýazyp bilmeseg-ä bolmaz» diýip oýlandym. Ahyry Berdinazar Hudaýnazarow: — Gimniň sözlerini Atamyrat Atabaýew bilen Baýram Jütdiýew ýazsyn, soň üýşüp pikirimizi jemläýeris — diýdi. Şeýdip Gimniň 50 göterimini men, 50 göteriminem Atamyrat ýazdy. Döwlet senamyzyň sözleri dört bentdi. Bir bendi gaýtalamak. Gazetde doly çap boldy.
Gimn ýazylanda Döwletiň şu gününe-de, geçmişine-de buýsanç bolmaly. Gimniň sazyny döretmäge 20 kompozitor gatnaşdy, ýöne esasy Rejep Rejebow ýazdy. Annaberdi Agabaýew gimni rus diline terjime etdi.
Men bagtly adam. 1989-njy ýylda Türkmen diline Döwlet derejesi berlip,43 adamlyk komissiýa boldy. Akademik Myrat Annanepesow başlyklyk edip, Mejlisiň sessiýasynda-da tassyk edildi. Taýýarlyk alty aýa çekdi. Şonda Myrat Annanepesow, Nazar Gullaýew dagy bolup söz sözledik. Baýdak göterildi. Ýaşuly adamlaryň buýsançdan gözüni ýaşlap aglap duran keşbi häzirem göz öňümde — diýip, Baýram aga damagy dolup gürrüň berdi. Ol: —1990-njy ýylda ilkinjiler bolup 70 adamyň arasynda Magtymgulynyň aramgähine zyýarata gitdim. Berdinazar Hudaýnazarow gowy görýän şahyrlarymyň biri, Onuň:
«Egri gylyç ýa-da dogry söz bilen,
Öz ömrüni ýazypdyrlar beýikler» diýen setirleri ýadyma düşýär. Hatyra günlerini bellemek barada hem öz pikir-garaýşymyzy aýtmaga gatnaşdyk. «Gökdepe» atly üç bent goşgym «Türkmen käbesi» atly hala dolulygyna çitime geçirildi. Muzeýleriň birinde bolmaly, Gökdepeli halyçylar dokapdylar. «Sowet edebiýaty» žurnalynyň baş redaktory wagtym Ata Gowşudowyň «Perman» romany, Magtymgulynyň 72 ýyllap çap bolmadyk goşgulary žurnalymyzda çap edildi. Şondan soň Magtymgulynyň şol goşgulary «Bagyşla bizni» at bilen kitapça bolup çykdy. Türkmenistanyň halk ýazyjysy Nargylyç Hojageldiýewiň uly hyzmaty bilen Ata Gowşudowyň «Perman» romany kitap bolup çap edildi. Ata Gowşudowa Türkmenistanyň halk ýazyjy adynyň, Magtymguly baýragynyň berilmegine hem-de onuň 90 ýyllyk ýubileýiniň bellenilmegine, Annaly Berdiýewe Magtymguly baýragynyň berilmegine azda-kände hyzmatymyň bardygyna begenýärin. Ömrümiň 60 ýylyny metbugata bagyş etdim — diýip gürrüň berdi.
Baýram aganyň goşgularynyň her setirinde öwrenmäge, oýlanmaga pikir bar. Ol «türkmen» diýen söze «derejeli türkmen» diýmegi gowy görşi ýaly, ýurdumyzy derejeli sözler bilen wasp edýär. Goşgularyny okanyňda hormatly Arkadagymyzyň çäksiz aladalary bilen şöhraty arşa ýeten ýurdumyza buýsanjyň artýar. Tanalmaz derejede ösen Diýarymyzyň gözellikleri hakda oýlanýaň.
«Gülüň deregne ysganym,
Aglamda bagra basýanym,
Bir gün ýazyljak dessanym,
Türkmeniň hol düzündedir»
− diýen setirlerine serediň! Hak nazary düşen tebigatymyzyň her bir ot-çöpi melhem. Bu barada hormatly Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp tomluk ylmy ensiklopedik eserleri birnäçe daşary ýurt dillerinde terjime edildi. Baýram aganyň çagalyk döwri uruş ýyllaryna gabat gelen. Şonuň üçin ol hormatly Prezidentimiziň eserlerini ýurdumyzyň asuda durmuşyny, tebigat gözellikleriniň dessanlarda waspy ýetirilmegi hakda eden arzuwlarynyň hasyl bolmagy hökmünde kabul edýär.
Onuň goşgularyna Türkmenistanyň halk artisti Kakadurdy Täjimowyň özi sazyny döredip aýdýan «Ýazymy sen», Türkmenistanyň halk artisti Gurban Gurbanowyň sazyna aýdymçy Rahym Selimowyň aýdýan «Bu ýollarda, ýollarda», Kakabaý Annanepesowyň sazyna halypa aýdymçy Gurbannazar Hojagulyýewiň aýdan «Soraryn» aýdymlary häzirki günlerde-de ýaşlar tarapyndan uly höwes bilen ýerine ýetirilýär. Halypa sazanda Sabir Ryzaýewiň sazyna Baýram aganyň:
«Ýurdum taňryň nazar salan diýary
Ýazlarym bol, gyşlarym bol, sabam bol!
Oguz hanyň, Gorkut ataň dowamy —
Türkmen ilim, sen aman bol, aman bol!»
— diýip başlaýan «Abat dünýäm bol!» atly goşgusynaTürkmenistanyň at gazanan artisti Eneş Rejepowanyň aýdýan aýdymy şahyryň ýurt Garaşsyzlygymyza ilkinjileriň biri bolup buýsanjyny ýürek owazy bilen beýan edendiginiň subutnamasydyr.
Maglumat:
12.12. 1937-nji ýylda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyndaky Ýandakly agyz obasynda doglan. 1957-nji ýylda mugallymçylyk mekdebini,1962-nji ýylda häzirki Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryh fakultetini tamamlaýar.
Işlän ýerleri:
1962-1964-nji ýyllarda «Ýaş kommunist» gazetinde edebi işgär, 1964-1969-njy ýyllarda «Sowet Türkmenistany» gazetiniň bölüm müdiri, 1969-1971-nji ýyllarda TKP-nyň medeniýet bölüminiň instruktory, 1971-1973-nji ýyllarda «Edebiýat we sungat» gazetinde baş redaktor, 1973-1986-njy ýyllarda «Tokmak» žurnalynyň baş redaktory, 1986-1991-nji ýyllarda «Sowet edebiýaty» žurnalynyň baş redaktory, 1991-nji ýylda ýarym ýyl «Türkmenistanyň Kommunisti» žurnalynyň edebi işgäri, 1992-2003-nji ýyllarda «Diýar» žurnalynyň baş redaktorynyň orunbasary wezipelerinde işleýär we pensiýa çykýar. Soň 2008-nji ýylda «Türkmenistan» gazetiniň jogapkär kätibiniň orunbasary,bölüm müdiri bolup işleýär we häzirki wagtda hem ol şol gazetiň işgäri.
Döwlet sylaglary:
1992-nji ýylda Türkmenistanyň halk ýazyjysy, 1989-njy ýylda «Internasional esger», 1994-nji ýylda «Gaýrat», 1996-njy ýylda «Watana bolan söýgüsi üçin» medallary bilen, 1997-nji ýylda «Galkynyş», 2000-nji ýylda «Bitaraplyk», 2001-nji ýylda «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» ordenleri bilen sylaglanýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň dört gezek ýeňijisi, Türkmenistanyň Döwlet senasynyň awtorlarynyň biri.
Kitaplary:
«Akaba», «Yhlas», «Abraý», «Bagyşlanýar», «Ala meýdanlar», «Owazlar kökeni», «Göwün binasy», «Orak möwsümi», «Ýalkanmaly zamana», «Dogaýy diwan», «Mübärek agşam», «Ömrüm –eý!…»… Onuň iki kitaby dürli terjimeçiler tarapyndan terjime edilip, «Belyý dožd», «Duel» atlar bilen Moskwada çap edilýär. Uly halypalaryň biri Baýram Jütdiýew 20-ä golaý kitabyň awtory bolup, şol kitaplaryň 5-si onuň terjime eden kitaplarydyr. Ýagny olar, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Rahym Esenowyň «Jahanda uruş barýarka», «Sary dominonyň kölegeleri», «Säherdäki salgymlar trilogiýa», «Dünýede sen bar», «Tepbedi okalan» atly kitaplardyr.
Akgül SAPAROWA.