BILIM

Kömelekden emeli deri ösdürilip ýetişdirildi

Alymlar deriniň alternatiw görnüşini oýlap tapdylar. “The Guardian” neşiriniň habaryna görä, material tebigy görünýär we kömelekden ýasalýar.

Täze ösdürilip ýetişdirilen deri haýwanlaryň derilerinden işlenip düzülen derä garanyňda, ekologiýa taýdan daşky gurşawa zyýansyz bolar. Bu deri kömelekden alnyp, ösdürilip ýetişdirildi.

Bu deriden ýasalan egin-eşikler zyňylan halatynda hem çalt dargaýar. Ol daşky gurşawa zyýansyz bolmagy bilen tapawutlanar. Mälim bolşy ýaly, dokma senagatynyň galyndylary we zäherli reňklendirijiler ekologiýa ýaramaz täsirini ýetirýär.

Alymlar kömelek derisini ýasamagyň arzan oba hojalygy we tokaý hojalygynda gyryndy ýaly önümleri gaýtadan işlemegiň zerurdygyny bellediler. Miselium üçin dökün bolup hyzmat edýärler. Hünärmenler olaryň kömegi bilen birnäçe hepdäniň içinde zerur bolan biomateriallary ösdürip bilerler.

 

Dessanlarda türkmen-gürji gatnaşyklarynyň şöhlelendirilmegi

Ýene-de okaň

Halkara nebit we gaz uniwersiteti “THE Sustainability Impact Ratings 2026” dünýä reýtingine girizildi

Türkmen-türk gatnaşyklarynda bilimiň orny

“Hytaýyň ilçisiniň talyp haky” atly taslama boýunça ýeňijiler sylaglandy

Türkmenistan bilen Hytaý bilim boýunça täze ylalaşyklara gol çekişdi

“Türkmenistanda agroinnowasiýa” atly ylmy-amaly elektron žurnaly dörediler

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekilleri CDIO 2026 halkara maslahatyna gatnaşýar