SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

“Nu” warianty: ýurtlar ýene-de serhetlerini ýapyp başlady

Şu wagta çenli ýüze çykarylan koronawirusyň iň üýtgeýän mutasionlysy we iň howply görnüşi hökmünde tanalýan “Nu” warianty, resmi adamlaryi we alymlary aladalandyrmagyny dowam etdirýär. Keselleriň köp dörän ýurtlary gyzyl sanawa alnyp, serhetleri ýapylmaga başlady. Beýik Britaniýanyň saglygy goraýyş gullugy “Nu” warianty barada: “Şu wagta çenli gören iň gorkunç görnüşimiz. Delta wariantyndan has uly alada döredýär we dünýäde koronawirusyň täze tolkunlaryna sebäp bolup biler”-diýip habar berýär.

Keseller 2019-njy ýylyň ahyrynda ýüze çykandan soň, Afrika yklymynda ýüze çykarylan koronawirusyň täze görnüşi, adamlara ýaýratmagy we öldürmegi dowam etdirýär. Bu soňky görnüş mutasiýa emele getirip derman serişdelerine we sanjymlara has çydamly bolýar. Bu bolsa Afrika yklymynda uly alada döredýär.

Alymlar resmi taýdan “B.1.1.529” diýlip atlandyrylýan “Nu” wariant hakynda beýanat berdiler. Keselleriň sany heniz az bolsa-da, dürli ýurtlarda ýüze çykarylan we şu wagta çenli koronawirusyň iň üýtgän görnüşi bolan “Nu” warianty ähli döwletleri aýaga galdyrdy.

Angliýa “Nu” görnüşiniň ýurda gelmeginiň öňüni almak üçin Günorta Afrika uçuşlaryny togtatmak üçin çäre gördi. Häkimiýetler bu çalt ýaýran warianty çuňňur alada bilen synlaýandyklaryny düşündirenlerinde, Iňlis saglygy goraýyş gullugy: “Şu wagta çenli gören iň howply görnüşimiz. Delta wariantyndan has uly alada döredýär we dünýäde koronawirusyň täze tolkunlaryna sebäp bolup biler”- diýip habar berdi. Iňlis “The Times” gazetiniň habar bermegine görä, saglygy goraýyş ministri Sajid Jawid Botswana, Namibiýa, Zimbabwe, Lesoto we Eswatini (öňki ady bilen Swazilend) ýurtlary bilen birlikde Günorta Afrikany gyzyl sanawda goýdy. Bu ýurtlara syýahat gadagançylygy gün tertibinde bolsa-da, Günorta Afrikadan her gün 500-700 ýolagçynyň bu ýurda girýändigi hem mälim edildi.

“Nu” wariantynyň geçirýän mutasiýalaryny öwrenýän alymlar: “Has çydamly we has çalt ýaýramak mümkinçiligi bar” diýdiler. Ilkinji gezek Günorta Afrikada, Botswana we Gonkongda ýüze çykarylan “Nu” wariantynyň çalt ýaýrandygyny kesgitlediler.

 

26-njy noýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

 

Ýene-de okaň

Aşgabat — Türkmenbaşy ugry boýunça howa gatnawlaryny gaýtadan dikelder

“Türkmenistan” awiakompaniýasy” içerki gatnawlaryň tertibini täzeledi

“Türkmenistan” awiakompaniýasy çagalar üçin goşmaça howa gatnawlary ýola goýar

Rus lukmany Türkmenistanda ýerli hünärmenler bilen tejribe alyşýar

Pars aýlagy üçin bitewi syýahatçylyk wizasy döredilýär

Üçýyldyz 23-nji iýulda dogdy