Kosmosdaky hapalaryň mukdary ýyllar boýy köpelýär. Bu zibilleriň mukdary azalmajak ýaly görünýär. Ahyrynda Halkara kosmos stansiýasy çaknyşmak howpy sebäpli derrew orbitany üýtgetdi.
Halkara kosmos stansiýasynda (ISS) bolanlar üçin howply pursatlar boldy. Soňky maglumatlara görä, “ISS” geçen hepde gyssagly orbitany üýtgemeli boldy. Kosmonawtlaryň hem içinde bolan “ISS”-iň gyssagly orbital üýtgemeginiň sebäbi galyndylar, ýagny zir-zibiller boldy. Hytaý döwleti tarapyndan 2007-nji ýylda ýok edilen “Fengyun-1C” hemrasynyň galyndylary “ISS”-iň orbitasyna girdi. Şonuň üçin hem çaknyşmak howpy ýüze çykdy. Şeýlelik-de, “NASA” we “Roscosmos” kosmonawtlary howpsuz orbita gitmek kararyna geldiler. “Fengyun-1C” raketa bilen ýok edilende, kosmosda 3500-den gowrak bölek ýaýrapdy. Bu bölekleriň käbiri “ISS”-niň çäklerinde aýlanýar.
“ISS” adatça ýerden 400 km uzaklykda ýerleşýär. ISS-iň adaty tizligi sekuntda 7,66 km (sagatda 27,000 kilometrden gowrak). Mart aýynda “ISS”-de ýene bir robot goly zaýalanypdy. Bu zyýanyň sebäbi kosmosda gereksiz zatlar robot hereketlendirijisine urlanda boldy. “ISS” takmynan 23 ýyllyk iş döwründe 30 sany uly howp çaknyşygyny başdan geçirdi. Bularyň üçüsi 2020-nji ýylda bolup geçdi.
Köp ýurtlar kosmosa iberen önümlerini ençeme ýyllap goýýarlar. Wagtyň geçmegi bilen iberilen bölekler zibil traýektoriýasyny emele getirdi. Häzirki wagtda kosmosda 5000-den gowrak hemra bar. Diňe “SpaceX” “Starlink” taslamasynyň çäginde 2000-den gowrak hemrany kosmosa galdyrdy. Bu taslamada ilkinji maksat 12 müň hemra, emma kompaniýa bu sanyň 40 müňe çenli artyp biljekdigini aýdýar.