SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

Hepdelik täleýnama (15-21-noýabr)

2021-nji ýylyň 15-21-nji noýabr aralygynda hepdelik täleýnamanyň synlary. Bu hepde hamal, sowur, jöwza, seretan, eset, sünbüle, mizan, akrap, kowus, jedi, daluw, hut ýyldyzy astynda doglanlara nämeler garaşýar?!

Hamal (guzy 21.03-20.04)

Oňyn we diýseň gujurly hepde. Duşenbe gününden başlap islendik işi ele alyp bilersiňiz. Dogry, “arakesme tertibi” hepdäniň ortalarynda bulaşyp biler. Çarşenbe oňat gün bolsa-da, dartgynly bolmagy wada berýär. Şenbe bolsa, gaty gyzykly we köp ýakymly garaşylmadyk sowgatlary wada berýär.

Sowur (öküzçe 21.04-20.05)

Geçen hepde başlanan kynçylyk döwri dynç günlerine çenli dowam eder. Hüşgär boluň, öz zerurlyklaryňyzy iň az mukdara çenli çäklendirjek boluň we saglygyňyza gözegçilik ediň. Diňe sişenbe güni has amatly bolup edilip biler, penşenbe we anna günleri bolsa iň kyn günlerdir.

Jöwza (ekizekler 21.05-21.06)

Duşenbe-sişenbe güni möhüm meseleleri we kararlary taşlaň. Bu günler howlukmaç we duýgur bolmak, maddy hal-ýagdaýyňyza we abraýyňyza uly zyýan ýetirip biler. Hepdäniň galan günleri ýaramaz däl, ýöne ol günleri sagdyn konserwatiw ruhda geçirmek iň gowusydyr. Meýilnamalary berk ýerine ýetirmek we ýalňyş pikirlerden gaça durmak maslahat berilýär. Bu bolsa, aýratyn hüşgärligi talap edýär. Ýeri gelende aýtsak, bu dynç günlerine-de degişlidir.

Seretan (leňňeç 22.06-22.07)

Bu hepde örän işli bolarsyňyz. Hünär we maliýe başlangyçlary üstünlik gazanmak üçin güýçli mümkinçilik bolar. Çarşenbe we anna günlerinde aşa töwekgelçiliklerden gaça durmalysyňyz. Muňa garamazdan, iş hepdesiniň umumy äheňi oňyn bolar. Dynç günleri diýseň gowy. Aýratyn hem ýekşenbe gaty romantik bolmagy wada berýär. Galyberse-de bu gün gözellik salonlaryna gitmek, umuman özüňize seretmek üçin gowy wagtdyr.

Eset (ýolbars 23.07-23.08)

Bir minut hem ýitirmäň – bu hepdäniň her bir sagady hakykatdanam gymmatly. Bu hepdede gaty köp zatlara ýetip bilersiňiz. Esasanam real (gaty belent bolsa-da) maksatlaryňyz we olara ýetmek meýilnamaňyz bar bolsa. Şeýle hem, ýokary wezipeli işgärlerden we resmi ýolbaşçylardan goldaw (şol sanda maliýe goldawlaryna-da) garaşmaga hakyňyz bar. Ýekşenbe güni mylaýym we hoşniýetli bolmaga çalşyň.

Sünbüle (gyz 24.08-23.09)

Artykmaç başdan geçirmelerde siz bolmarsyňyz. Siziň ýyldyzyňyz olardan gaça durmaklygy wada berýär.  Şonuň üçin hepdäniň ýaramazlyklary size kän bir täsirini ýetirmez. Gödek sözlerden we hereketlerden gaça durarsyňyz diýen umyt bar. Ýöne şeýle bolsa-da, duşenbe we sişenbe günlerinde şeýle sözleriň we hereketleriň ähtimallygynyň ýokarydygyny ýadyňyzdan çykarmaň. Çarşenbe güni gepleşikleri geçirmek üçin gowudyr. Şol sanda ýolbaşçylar bilenem. Hepdäniň ikinji ýarymy bitarap bolar.

Mizan (terezi 24.09-23.10)

Hepdäniň dowamynda esasy aladanyň çeşmesi hyzmatdaşlyk bolar we bu çynlakaý synag bolup biler. Şol bir wagtyň özünde, romantik gatnaşyklar hakda däl-de, işewür hyzmatdaşlykda az-kem “tupan” turup biler. Iň oňat strategiýa, uly kararlardan gaça durmakdyr. Iş prezentasiýaňyzy şenbe gününe çenli yza süýşürip bilersiňiz – ähtimal hemme zat öz-özünden kadaly ýagdaýa geler.

Akrap (içýan 24.10-22.11)

Uly söwda etmekden gaça duruň we umuman maliýe meselelerinde paýhasly boluň. Seresapsyzlyk we esassyz optimizm býudjetiňizde uly deşik döredip biler. Hepdäniň galanlary erbet däl. Penşenbe iň üstünlikli gün bolup biler. Dynç günlerinde, esasanam şenbede, orta agyrlykdaky, ýöne uzak fiziki işjeňlik peýdaly bolar – mysal üçin uzak gezelenç.

Kowus (keman 23.11-21.12)

Abraýyňyzyň pese gaçmak howpy bar. Mundan başga-da, hereketleriňiz esassyz dogry ýa-da iň bolmanda mantykly bolup biler, ýöne bu hereketleri başgalara düşündirmek ukybyňyz ýetmezçilik eder. Şeýleleikde beýleki adamlar sizi dogry ýoldan gitmeýän ýowuz adam hasaplap biler. Elbetde ahyrsoňy olar öz ýalňyşlyklaryna düşünerler. Emma, ol “ahyrsoňy” haçan geler?

Jedi (owlak 22.12-20.01)

Gatybir oňaýly hepde däl. Romantiki gatnaşykda, işewürlikde we karýerada täze kynçylyklaryň döremegi mümkin. Şol bir wagtyň özünde, bir zady üýtgetmek baradaky gaýratly synanyşyklaryňyz üstünlik gazanyp bilmez, netijede garaşylýan zadyňyz tersine bolar. Dynç günleri iň amatly döwür ýaly bolup görünýär, ýöne söwda etmekden saklanmak has gowudyr.

Daluw (gowa 21.01-20.02)

Hepdede üstünlik, has öň başlanan meýilnamalar we taslamalar esasynda geler. Täze bir zady almak indi gymmadam bolmaz. Gowy günler penşenbe we anna günlerini öz içine alýar.  Sişenbe gününde goşmaça seresaplygyň zyýany ýokdur. Dynç günleri tagama we gözellige bolan ajaýyp düşünjäňiz bilen tapawutlanarsyňyz. Döredijiligiň islendik görnüşine güýmenmek üçin ýakymly wagtdyr.

Hut (balyk 21.02-20.03)

Bagtyňa ynanmak gaty gowy, ýöne diňe hemme zada bil baglamak bilen çäklenmeli däldir. Gynansagam, hepdäniň dowamynda edäýjek ýeke-täk ýalňyşlygyňyzam şu bolar. Iň bolmanda duşenbe-sişenbe günlerinde karar bermekde diňe optimizm bilen oňmajak boluň.  Çarşenbeden başlap bu howplulyk aradan aýrylar. Penşenbe güni bolsa has hem şowly bolmaklygy wada berýär. Dynç günleriňiz asuda ýagdaýda geçer.

 

Ykbalyň bagt ýyldyzy hemmelere miýesser etsin!

Ja­ny­ňyz sag, iş­le­ri­ňiz ug­ru­na bol­sun!

 

Üstünlik gazanmak isleýänleriň hökman okaýmaly makalasy

 

Ýene-de okaň

01-nji Sentýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

31-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

30-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

2024;Hepdelik täleýnama (26-njy awgust-1-nji sentýabr )

27-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

26-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama