Niderlandlar Patyşalygynyň hökümeti koronawirus (Covid-19) epidemiýasynyň köpelmeginiň öňüni almak maksady bilen wagtlaýyn görnüşde 3 hepde bölekleýin çäklendirme boljakdygyny habar berdi. Ýurduň hökümetiniň ýolbaşçysy Mark Rutte metbugat ýygnagynda “Covid-19” hadysalarynyň köpelmegine garşy görülýän goşmaça çäreleri yglan etdi. Rutte görlen goşmaça çärelere görä 4-nji dekabra çenli “bölekleýin çäklendirmäniň” durmuşa geçiriljekdigini aýtdy.
Çäklendirmeleriň çäklerinde kafeler, restoranlar we supermarketler sagat 06:00-dan 20: 00-a çenli açyk bolar, beýleki dükanlar, söwda merkezleri, bazarlar we hyzmat ediş ýerleri bolsa 06:00 bilen 18:00 arasynda açyk bolar.
Koronawirus sanjymy alan müşderileri kabul edýän kafelerde, restoranlarda aralygy saklanýan derejede oturgyçlar ýerleşdiriler. Adamlar belli bir aralygy saklap nahar iýip bilerler. Toý ýaly dürli çäreleri diňe 06:00 bilen 18:00 arasynda gurnap bolar.
Professional we höwesjeň sport ýaryşlarynda tomaşaçylara gatnaşmak rugsat berilmez. Öýde işlemek we jemgyýetçilik aralyk iş tejribesi dowam edýärkä, öýlerde iň köp 4 myhman kabul ediler.
Mundan başga-da, hökümet “2G” (sanjym ýa-da dikeldiş) düzgünini we iş ýerinde, saglyk pudagynda koronawirus kartasyny durmuşa geçirmek üçin täze kanun taslamasynyň üstünde işleýär.
Ýurduň hökümeti 2-nji noýabrda “Covid-19” keseliniň sany köpelip başlandan soň örtük we aralyk düzgünini täzeden getirdi. Şeýle hem koronawirus sanjymly şahadatnamasynyň ulanylyşynyň geriminiň giňeldilendigini habar berildi.
 Ãaponiýa “Covid-19â€â€“a garÅŸy göreÅŸi güýçlendirýär