SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

3-nji noýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hormatly okyjylarymyz!

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com internet saýty her gün täleýnamany dykgatyňyza ýetirýär. Siz hem öz ýyldyzyňyza görä täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz,  onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň. 

Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz!
Siz Täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan Täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!
Mähriban okyjylar! Ýyldyzlaryň hereketiniň  3-nji noýabrda ykbalyňyza ýetirýän täsirini bilmek isleseňiz, size şu günüň täleýnamasyny hödürleýäris.

Mähriban okyjylar! Siz islendik ýyldyzyňyzyň suratynyň üstüne ýasyp, ol baradaky giňişleýin maglumatlary alyp bilersiňiz.

Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

Durmuş hakykatlaryna düşünmek, dürli senetleri, ylymlary öwrenmek güni. Durmuş mümkinçiliginiň artmagy, söýgi durmuşyňyza oňyn täsir edip biler. Ýyldyzlar iň uly meýilnamalaryňyza we pikirleriňize ýetmek synanyşygynda size kömek etmäge taýýardyr.

Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)

Aragatnaşyk, täze tanyşlar, syýahat ýa-da myhmanlary kabul etmek üçin amatly gün. Garaşylmadyk habarlar dynç günleri ýa-da indiki hepdä goýan meýilnamalaryňyzy täzeden gözden geçirmäge mejbur eder. Çynyňyz bilen edilen arzuw hökman kabul bolar.

Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Bu gün fiziki maşk, aragatnaşyk, işjeň dynç alyş we güýmenje amatly. Bu gün ählumumy sazlaşyk duýgusy bilen uzak wagtlap ýatda galar. Islendik ugurda özüňizi gowy tarapdan görkezip bilersiňiz, ýöne mümkinçilikleriňiziň çägini kesgitlemeli. Kesgitlemek ýa-da global taslamalary kabul etmek we amala aşyrmak islegi size garşy bolup biler.

Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Durmuş derejesi, alçaklyk, özüňize çekmek ukybyňyz ýokarlanýar. Maliýe ýa-da jemgyýetçilik ýagdaýyňyzy gowulaşdyryp bilersiňiz, ýöne birkemsizlik ýa-da aşa tutanýerlilik sebäpli kärdeşleriňiz bilen düşünişmezlik ýa-da ýolbaşçylar bilen dawa-jenjel bolmagy ähtimal.

Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)

Planetalaryň howandarlygy hünär işjeňliginde üstünlik getirip biler. Sabyr ediň, meseläniň düýp manysyny öwrenmäge çalyşyň. Jogapkärçilik we dogruçyllyk ähli işleriňizde üstünlik getirer.  Degerli maslahat ýa-da dostuňyzyň kömegi geljekki ykbalyňyza täsir eder.

Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Bu gün kärdeşleriňizden ownuk kynçylyklaryň ýa-da duşmançylygyň gelmegine garaşmalydyrys. Täze söýgi gatnaşyklary kynçylyklardan we lapykeçliklerden başga zat getirmez. Dönükligiň hem bolmagy mümkin. Şonuň üçin her bir başlangyçlaryňyzda ünsli boluň.

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Maliýe ýagdaýynda käbir negatiw üýtgeşmeler bolup biler. Gynansagam, üýtgeşik bir netije bermejek iş saparyna gitmeli bolmagyňyz mümkin. Seresap boluň: zatlaryňyzyň ogurlanmak ähtimallygy gaty ýokary. Täze tanyşlar peýda getirmez.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Gatnaşyklarda wepalylyk we durnuklylyk üçin synag edilýän dartgynly, jedelli gün. Şahsy durmuşda gapma-garşylykly ýagdaýlar ýa-da bar bolan gatnaşyklar sebäpli nägile bolmagyňyz ähtimal. Duýdansyz keýpiň üýtgemegi, erbet düýşler ýa-da kellagyry bolup biler.

Kowus (keman 23.11 — 21.12)      

Howply gün. Durmuş potensialyňyz pes. Aldawlar, şäriklikdäki hyýallar, şübhelenmek ýa-da gaharlanmak gödek hereketlere sebäp bolup biler. Şahsy durmuşda lapykeçlik bolmagy mümkin.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Nika, sazlaşykly maşgala gatnaşyklary üçin amatly gün. Ýyldyzlar ykbalyň garaşylmadyk öwrümleri barada duýduryş berýärler. Belki, bu gün size garşy jynsdaky adam üçin iň arzyly arzuwlaryňyzy amala aşyrmaga mümkinçilik berer.

Daluw (gowa 21.01-20.02)

Erbet gün. Islendik synanyşyk islenýän netijeleri bermez. Aragatnaşygy azaltmak, täze tanyşlary aýyrmak maslahat berilýär. Maşgala gatnaşyklarynda kynçylyklar ýa-da hyzmatdaşlar bilen baglanyşykly düşünişmezlikler bolup biler. Ýyldyzlar daluwlara daşardan howp geljekdigi hakda duýduryş berýärler.

Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Tanyşlaryňyza we dostlaryňyza ünsli boluň. Garaşylmadyk netijelere sebäp bolup biljek gapma-garşylyk ýagdaýy aradan aýrylmaýar. Ýoldaşyňyza düşünmek islemezlik, gaharjaňlyk, agressiýa ikitaraplaýyn gödeklige sebäp bolup biler. Her bir aýdylýan sözlere ynanyp ýörmäň.

6-njy noýabrda ählihalk bag ekmek çäresi geçiriler

 

Ýene-de okaň

01-nji Sentýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

31-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

30-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

2024;Hepdelik täleýnama (26-njy awgust-1-nji sentýabr )

27-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

26-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama