SIZDEN GELENLER

Pähimler düwünçeginden

  • Haçan-da adam bagtly bolanda ol mydama gowudyr, emma hemme gowy adamlar mydama bagtly däl (O.Uaýld).
  • Hemişe isleýän zadyňy etmeklik bagtlylyk däldir, emma ýerine ýetirip biläýjek zadyňy etmegi islemeklik bagtdyr. (L.Tolstoý).
  • Bagtly durmuş haçan-da göwnüňde rahatlyk bolanda we hiç hili jogapkärçiligiň ýok ýerinde bardyr (Siseron).
  • Bagt – bu berk jan saglygyň bolmagy we erbet ýadyň bolmagyndadyr (E.Feýer).
  • Bagtsyzlykdan gülkünç bolanyňdan bagtlylykdan gülkünç bolup, şeýle-de oňaýsyz tans etmek agsap ýöremekden gowudyr (F.Nisşe).
  • Adam haçan-da kesekiniň bagty üçin ýaşaýarka hakyky durmuşda ýaşaýandyr (I.Gýote).
  • Baý bolmaklyk bagtly bolmak däl-de baýlyga mätäç bolmazlyk bagtlylykdyr (Demokrit).
  • Bagtly adam öz ömrüniň başy bilen ahyryny baglap bilýän adamdyr (I.Gýote).
  • Bir sagat wagtyny bihuda geçirmeklige ýol beren adam entek

ömrüniň gadryna düşünip ýeten däldir (Ç. Darwin).

  • Islendik bir günüň siz üçin ahyrky gün bolup biljekdigini unutmaň (Garassi).
  • Adam üýtgeşik gurluş ol baýlyk ýitirse gama batyp, ömrüniň bolsa geçip hiç wagt yza dolanmajakdygyna biperwaý garaýar. (Abul Faradj).
  • Wagtyňyzy tygşytlaň sebäbi ol siziň ömrüňiz örülen dokumadyr

(S. Riçardson).

  • Görmek isleýänler üçin ýeterlik derejede ýagtylyk bardyr, görmek islemeýänler üçin bolsa tümlük ýeterlikdir. (Blez Paskal).

 

                                                             Taýýarlan Ýaňyljan Palýazowa

               Türkmen oba hojalyk

                    institutynyň mugallymy

 

Ösümlikleri ösdürip ýetişdirmegiň kämil tehnologiýasy

 

 

 

 

Related posts

Nebitgaz pudagy täze ösüşlere barýar

Alma agajy hakynda hekaýat

Awaza sammiti: üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm binýady goýuldy