Gadym wagtlarda bir adam garynjalary synlap, olaryň zähmetsöýerligine geň galyp seredipdipdir. Garynjalaryň haýry-heläk bolup öý gurýandygyny, işleriň diýseň depginli dowam edýändigini görüp, haýran galýar. Olar agzybirlik bilen işleýärdiler. Biri sypal daşasa, beýlekisi onuň ýollaryny arassalapdyr. Üçünjisi suw getirse, dördünjisi iýmit tapypdyr. Bäşinjisi bolsa öý gurmak bilen meşgullanypdyr. Olaryň işjeňligine geň galyp seredip duran adam bu ýagdaýa guwanyp: “Garynjalar, siz nähili agzybir we işeňňir” diýip, garynjalary alkyşlaýar . Garynja hem: “Biz ony bilýäris. Seniň özüň kim?” diýip, oňa sowal bilen ýüzlenipd ir.
Ýaňky adam: “Men ynsan. Bize akyl-paýhas berlipdir” diýip, jogap beripdir. Onda garynja: “Siz bize meňzeşmi?” diýip, soraýar. Onuň bu soragyna: “Hawa, biraz meňzeşlik bar. Biz tebigatyň kanunlaryny özleşdirdik. Ummanlaryň düýbüne ýetdik. Aýa hem aýak basdyk. Jaýlary, hatda uly şäherleride gurýarys” diýip, adam guwanyp jogap berýär.
“Onda sizem alkyş aýdylmagyna mynasyp” diýip, garynja dillenipdir. Soňra bolsa ol şeýle diýýär: “Eger-de sen öz aýdyşyň ýaly akylly-paýhasly bolýan bolsaň, bu ýerde garynjalar bilen gürleşip oturman, haýyrly bir iş bilen meşgullanmaly ekeniň”.
Terjime eden: Kakajan Kakajanow
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.
25-nji oktýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama