SIZDEN GELENLER

20-nji oktýabr – Halkara aşpezler güni

Her ýylyň 20-nji oktýabry – Halkara aşpezler güni hökmünde dünýäniň dürli künjeginde aşpez hünärmenler tarapyndan bellenilýär. Bu halkara sene Bütindünýä aşpez jemgyýetiniň başlangyjy bilen 2004-nji ýylda döredilýär. Ýeri gelende belläp geçsek, bu guramanyň dürli ýurtlaryň wekillerinden ybarat bolan 8 million agzasy bardyr. Halkara aşpezler güni dünýäniň 70-den gowrak ýurdunda bellenilýär.

Häzirki wagtda aşpezlere bildirilýän talaplar has-da artdy. Şonuň üçin hem aşpezçilik iň jogapkärçilikli kärleriň biridir. Mysal üçin, Sankt-Peterburgda aşpezleriň esasy wezipesi datly tagam bişirmek bilen birlikde, saglyk taýdan hem oňaýly iýmitleri taýýarlamak bolup durýar. Köp ýurtlarda hakyky aşpez hünärmenlerinden himiýa, biologiýa ýaly bilimlerden hem baş çykarmak talap edilýär.

Bu halkara gününde aşpezlere we olaryň özleri hem biri-birlerine baýramçylyk gutlaglaryny aýdýarlar. Syýahatçylyk kompaniýalarynyň işgärleri, naharhana kärhanasynyň, restoranlaryň, kafeleriň eýeleri dürli baýramçylyk çärelerini guramaga gatnaşýarlar. Şeýle hem bu halkara baýramçylygy mynasybetli aşpezleriň arasynda bäsleşikler gurnalýar, tagamlaryň sergisi geçirilýär. Hatda käbir ýurtlarda aşpezler bilim edaralaryna baryp çagalara tagamyň ähmiýeti dogrusynda sapak geçýärler.

Aýlar Atajykowa,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

 Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.

Öz-özüňi bejerýän telefon ekrany

 

Ýene-de okaň

Türkmeniň keçe sungaty – taryhy sungat

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan taryhy mekan

Ata Watan Eserleri

Sarpasy belent bedewler

Ata Watan Eserleri

Ýylyň şygary-belent sepgitlere badalga

Çagalar – biziň geljegimiz!

Sagdyn ene we sagdyn çaga – uly baýlyk