JEMGYÝET

“Rönesans Holding” Türkmenistanda täze taslamalary durmuşa geçirmäge taýýar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Rönesans Holding” türk kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjagy kabul etdi.

Türkmenistanda işleýän 12 ýylynda “Rönesans Holdinge” birnäçe möhüm düzümleýin desgalaryň gurluşygy ynanyldy. Şol desgalaryň hatarynda ýapon hyzmatdaşlar bilen bilelikde durmuşa geçirilen “Marykarbamid” zawodynyň, Ahal welaýatynda tebigy gazdan sintetiki benzin öndürýän zawodyň, Çärjew etrabyndaky sebitde deňi-taýy bolmadyk elektrik stansiýasynyň taslamalary bar. Nygtalyşy ýaly, kompaniýa rowaçlyk we gülläp ösüş ýolundan ynamly barýan Türkmenistan bilen ýola goýlan hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ýokary netijelidigine tüýs ýürekden buýsanýar.

Duşuşygyň dowamynda Erman Ylyjak hormatly Prezidentimize täze taslamalaryň we teklipleriň işlenilip taýýarlanylandygy barada hasabat berip, ýola goýlan oňyn hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrmagy maksat edinýändigini aýtdy.

Milli Liderimiz uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmak bilen baglylykda, türkmen tarapynyň esasy we hökmany talaplaryna işewüriň ünsüni çekdi. Şol talaplar gurluşygyň alnyp barlyşynyň tertibini hem-de desgalary ulanmaga tabşyrmagyň şertnamada bellenilen möhletlerini pugta berjaý etmekden ybaratdyr. Şunda hemme işleriň ýokary hil derejesinde, häzirki zaman şäher gurluşygynyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylmalydygy nygtaldy.

 

“Lukoýl”: Türkmenistana maýa goýmaga uly gyzyklanma bldirýär

Ýene-de okaň

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly geçiriler

Ata Watan Eserleri

“Arkadag”- “Al-Nasr” duşuşygy: 500 sany meýletinçiler saýlanylyp alyndy

Saýlawlar boýunça saýlaw möwsümi başlady

Türkmenistan “Rona” atly eýran ýük gämisini halas etdi

Türkmenistanda aprel aýynda halkara matematika olimpiadasy geçiriler

Türkmenistanyň jemagat hojalyklaryna täze tehnikalar gelip gowuşdy