Düýeguşlar ýylyň mart-sentýabr aýlarynda köpelýärler. Onuň ýumurtgasynyň uzynlygy 15 santimetrden gowrak, agramy bolsa 1,5-2 kilograma deňdir. Ýumurtganyň düzümindäki belok 1 kilogram, sarysy 350 gramdyr. Ol beýleki guşlaryň arasynda iň uly ýumurtgasy bolan guşdyr.
Towuk ýumurtgasy bilen deňeşdireniňde düýeguşuň ýumurtgasynda az holestrin badyr, şeýle hem onda doýgun ýag natriý bardyr. Düýeguşuň bir ýumurtgasy 24 towuk ýumurtgasyna deňdir.
Düýeguşuň ýumurtgasynyň 100 gram energiýa berijiligi 118 kkal bolup, onuň düzüminiň takmynan 45%-i ýagdan, 47%-i belokdan we 3%-den gowragy uglewodlardan ybarat bolup durýar. Ol A we E witaminlere örän baýdyr. Onda A witamini şeýle hem tiamin bardyr. Bular bilen birlikde ýumurtganyň düzüminde sink, kalsiý, demir, magniý we marganes ýaly minerallar bardyr.
Bu uly göwrümli ýumurtganyň süýümi towuk ýumurtgasy bilen deňeşdirilende has köpdir. Ol Omega-3-e baýdyr we ýürek-damar keselleri üçin peýdalydyr. Berhiz saklaýanlar üçin örän ähmiýetlidir.
Düýeguşuň ýumurtgasynyň gabygy 50 kilograma çenli agyrlyga durnuklydyr. Ýumurtganyň daşky gabygy mermer ýaly bolany üçin nagyş we suratkeşlik bilen gyzyklanýanlar ony çeper döredijilikde giňden peýdalanýarlar.
Ýumurtganyň düzüminde bar bolan A witamini gözler üçin we E witamini deriniň sagdynlygy we gözelligi üçin örän wajypdyr. Bu ýumurtgada myşsa dokumasynyň gurluşygyna işjeň gatnaşýan möhüm kislotalar bardyr.
Hiç hili zeper ýetmedik ýumurtgalary 3 aýa çenli saklap bolýar.
Amanowa Maýa
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň mugallymy