SIZDEN GELENLER

Käşir balynyň peýdaly häsiýetleri

Käşir, her kimiň çagalykdan bäri halaýan iň amatly we sagdyn gök önümleriniň biri bolup, bu gök önümden köp dürli ýokumly tagamlary we hatda bal hem taýýarlap bolýandygy aýratyn bellärliklidir. Şeýle tagamlary taýýarlamakyk gündelik iýmitlenişiňizi diwersifikasiýa etmäge mümkinçilik berýär.

Käşir balynyň peýdalary

  1. Käşir we käşir baly az kaloriniň bardygyna garamazdan diýseň ýokumlydyr.
  2. Bagyr funksiýalaryny goramakda we iýmit siňdiriş ulgamynda örän täsirli.
  3. Käşir baly derini janlandyrýar we owadanlaşdyrýar
  4. Käşir suwuny içip, garrylykda döreýän agyrylary we şol agyrylary azaltmaga ýardam edýär.
  5. Käşir baly, A witaminiň tebigy çeşmesi bolany üçin gözüň saglygyny we görüşini gowulandyrýar. Süňk bozulmalaryna we osteoporozlara garşy täsirli.
  6. Kaliý we süýüm düzümi bilen holesterine we gipertoniýa garşy göreşýär.
  7. Käşir baly öt haltasynyň we bagyr fermentleriniň kadalaşmagyna örän täsirlidir.
  8. Içindäki E witamini bilen rak keseliniň döremeginiň öňüni alýar.

Babaýew Myratly

S.A.Nyýazow adyndaky Tohu-nyň talyby

16-njy oktýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

 

 

Ýene-de okaň

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

Şekillendiriş sungaty sapagynyň ähmiýeti

Internet torunyň orny we ähmiýeti

Iňlis dili-täze mümkinçilikler

Beýik Seljuk döwletinde bilimiň gurnalmagynda Mälik şanyň hyzmatlary

Bilim – ösüşleriň berk binýady