Kaliforniýa uniwersitetiniň alymlarynyň aýtmagyna görä, pişikleri öýde uzak wagtlap ýalňyz galdyrmaly däl. «Dialog.ua» neşiri amerikan alymlarynyň gözleglerine esaslanyp, munuň öý üçin hem, pişikleriň özi üçin hem howpludygyny ýazýar.
Dogry, pişikleriň «başarnyklary» sanamak bilen tamamlanmaýar. Ýöne beýleki öý haýwanlary ýaly, olar hem eýeçilik nazaryna mätäç.
Eger eýelerine halys öwrenişen pişik öýde bir günden kän ýeke galsa, özüne şikes ýetirip biler. Olar hatda az wagtlyk galdyrylanda hem köp mukdarda iýmit we suw bilen galdyrmak maslahat berilmeýär. Ýalňyzlygy iýmekdir içmek bilen unutmaga çalyşýan pişik saglygyna zyýan ýetirmäge has ýakyn. Şeýle hem olar ýalňyzlygy ýeňip geçmek üçin dürli garagollyklara baş goşýarlar. Şeýlelikde, öýde garagol çaga ata-enesi işden gelýänçä, nähili «işleri bitirýän» bolsa, pişikden hem şeýle garagolluga garaşybermeli.
Alymlar pişikleriň duýgularynyň başga öý jandarlarynyň aglabasyndan güýçlüdigini tassyklaýarlar.