SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmenistandan Russiýa 23-nji ýörite uçar gatnawy

Türkmenistanyň Türkmenabat şäherindäki halkara howa menzilinden Russiýanyň Moskwa şäherine nobatdaky ýörite uçar gatnawy amala aşyryldy. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň resmi internet sahypasynda bellenilip geçilýär.

Habarda bellenilip geçilişi ýaly, 15-nji oktýabrda, ýagny şu gün Russiýanyň “S7” awiakompaniýasynyň amala aşyran “8536” gatnawy bilen 177 ýolagçy Moskwa şäherine gitdi.

Ozal habar berişimiz ýaly, şu ýylyň 29-njy sentýabrynda Russiýanyň “S7” awiakompaniýasy 22-nji ýörite gatnawyny amala aşyrypdy.

Siz halkara uçar gatnawlary baradaky we beýleki habarlary gyzgyny bilen okamak üçin “Google Plaý Marketden” şu ýere basyp “Atavatan APP” Applikasiýasyny ýükläp alyň!

Atavatan TV” YouTube kanalymyzdaky täze show gepleşigimize tomaşa etdiňizmi?  Show gepleşigimize şu wagta çenli Söhbet Kasymow, Ahmet Atajanow, Kerim Hally, Perhat Ataýew we Jelil Atajykow hem-de beýleki sungat ussatlary myhmançylykda boldy. Siz ähli gyzykly we güldürýän show gepleşiklerimizi şu ýere basyp tomaşa edip bilersiňiz!

Umuman, Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan 2020-nji ýylyň martyndan bäri 23-nji ýörite uçar gatnawy amala aşyryldy.

Habar berşimiz ýaly, “Türkhowaýollary” kompaniýasy hem 2021-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda Stambul-Türkmenbaşy-Stambul ugry boýunça ýörite gatnawy amala aşyrypdy.

Şeýle hem, ýaňy-ýakynda «Türkmenistan» awiakompaniýasy  Türkmenabat-Moskwa-Türkmenabat ugry boýunça ýük gatnawyny amala aşyrmaga başlady.  «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Russiýadaky wekilkanasynyň “Wkontakt” jemgyýetçilik torundaky habara görä, üstümizdäki aýyň 14-den başlap, her hepdäniň perşembe günlerinde ýük gatnawy meýilleşdirýär.  Ýük gatnawy 2022-nji ýylyň 26-nji martyna çenli dowam eder.

Biz indi rus dilindäki habarlary hem yzygiderli Size ýetirip durýarys we saýtymyzdaky rus dilindäki habarlary okamak ùçin şu ýere basyñ.

Siz biziñ @atavatanturkmen Instagram sahypamyzdan saýtymyza girilen Türkmen dilindäki habarlary okap bilersìñiz.

Rus, Inlis we Türk dilindäki Instgaram habarlarymyz ùçin @atavataninternational hasabymyzy yzarlaň!

Android ulgamynda işleýän Google Plaý marketde hereket edýän Makul Sözlük  Applikasiýasyny” göçürip almak üçin şu ýere basyň!

E-mail salgysy : makulhyzmat@gmail.com

 

“Makul Terjime”  telefony:

+993 63 78 96 73 & : + 993 12 96 48 55

Aşkabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni) köçesi, A Blok, Makul Hyzmat Ofis, 4-nji gat, 401

E-mail salgysy : makulhyzmat@gmail.com

 

 

15-nji oktýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ýene-de okaň

Türkiyäniň syýahatçylyk pudagy rekord görkezijilere eýe bolýar

Ata Watan Eserleri

«Belawiýa» Türkmenbaşy bilen Minskiň arasyndaky uçuşlaryň sanyny köpeldýär

Müsür gyzzyrmadan azat ýurt boldy

Mardiniň ajaýyp aşhanasyna we baý taryhyna syýahat

Türkmenanatda glisirrizin turşusyny öndürýän kärhana açyldy

“Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik kitabyň nobatdaky jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy