SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

13-nji oktýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hormatly okyjylarymyz!

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com internet saýty her gün täleýnamany dykgatyňyza ýetirýär. Siz hem öz ýyldyzyňyza görä täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz,  onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň. 

Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz!
Siz Täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan Täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!

Hormatly her günki täleýnama bilen yzygiderli gyzyklanýan okyjylarymyz! Size 13-nji oktýabrdaky nobatdaky täleýnamany hödürleýäris.

Bellemeli zat, siz islendik ýyldyzyňyzyň suratynyň üstüne basyp, ol baradaky giňişleýin maglumatlary alyp bilersiňiz.

Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

Maşgala gatnaşyklarynda gabanjaňlyk ähtimal. Bu bolsa, gödek hereketlere sebäp bolup biler. Dogabitdi duýgurlyk we ünslülik sebäpli köp kynçylyklardan gaça durup bilersiňiz. Günüň ikinji ýarymynda aladalandyryjy habarlar gelip biler.

Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)

Maşgala dynç alyşlary we islendik aragatnaşyk üçin amatsyz gün. Jedeller, düşünişmezlikler, gahar-gazap we aldawlar ähtimal. Edýän hereketleriňizi beýlekilerden ýaşyrmak maslahat berilýär. Bu mümkin däl bolsa, gatnaşykda çeýeligi saklamaga we öz-özüňizi dolandyrmaga synanyşyň. Sözleriňize üns beriň. Ýogsam, size düşünilmän biler.

Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Saglyk üçin amatsyz gün. Umumy ýadawlygyň, immunitetiň gowşamagynyň ähtimallygy ýokary. Aldawdan, boş wadalardan ägä boluň – kiçi maşgala kynçylyklaryny başdan geçirmeli bolarsyňyz. Dostlaryňyz we tanyşlaryňyz bilen aragatnaşygy çäklendiriň. Günüňizi durmuş gazanjynyň täze çeşmelerini tapmaga, özüňizi kämilleşdirmäge bagyşlaň.

Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Öý işleri sizden ep-esli güýji talap eder, meseleleriň köpüsini ilkinji gezekde çözüp bilmersiňiz. Durmuş potensialyňyz azalýar. Işjeň hereketler netijesiz bolar we diňe ýadawlyk getirer. Şahsy durmuşyňyzdaky negatiw üýtgeşmeler size garaşýar. Bu esasanam zenanlar üçin şeýledir. Erkekler söwer ýarlary bilen gatnaşyklarda sypaýylygy we asyllylygy görkezmeli.

Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)

Çagalaryň problemalary sizi aladalandyrmagyny dowam eder. Eset aýallaryň arasyndaky gabanjaňlyk ýa-da pul hakda dawa-jenjel bolmagy ähtimal. Islegleriňizi has tankytlaň. Iň soňky karary bermek islemezligiňiz, gatnaşyklary hasam bozup biljek uly skandala getirer. Şu nukdaýnazardan saglygyň ýaramazlaşmagy, şikes ýetmegi mümkin.

Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Dynç almak üçin pursatdan peýdalanmasaňyz, sebäpsiz gynanç, erbet keýp, depressiýa bolup biler. Şahsy durmuşyňyzda gereksiz duýgular lapykeçlige ýa-da dawa sebäp bolup biler. Oňyn pikirlere ünsi jemlemäge synanyşyň, hondanbärsiligi we egoistligi goýuň.

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Kynçylykdan gaça durmak üçin täze tanyşlaryňyz bilen seresap boluň. Bu gün duşýan adamlaryňyz durmuşyňyzda negatiw rol oýnap biler. Belki, keşbiňizi üýtgetjek täze pikirleriňiz bolar. Şeýle-de bolsa, geljek üçin meýilnamalaryňyzy dostlaryňyz bilen paýlaşmaly dälsiňiz.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Hyzmatdaşlaryňyza gaty seresap boluň, her bir adam siz üçin gowulygy isläp ýarýan däldir. Şeýle hem ýyldyzlar dostlar ýa-da garyndaşlar bilen gatnaşykda bolup biljek kynçylyklar barada duýduryş berýärler. Şonuň üçin bu gün has paýhasly bolmaly we howlukmaç karar bermeli däl. Biraz oňaýsyzlyk, nägilelik we gaharlanma mümkin.

Kowus (keman 23.11 — 21.12)      

Günüň birinji ýarymy amatsyz: gaharlanma sebäpli düşünişmezlik bolup biler. Maşgala problemalary ýakynlara sypaýyçylyk we üns berilmegini talap eder. Ýogsam, şahsy durmuşda negatiw proseslere sebäp bolar. Her niçigem bolsa, ähli kynçylyklaryň we umumy nägileligiň köki bolan geçmişi täzeden gözden geçirmeli.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Gün oňat. Duşmanlaryňyzyň hilelerini ýeňip geçmäge mümkinçilik bolar. Çeýeligiňiz we çydamlylygyňyz gizlin duzaklardan geçmäge kömek eder. Bu ýyldyzyň astynda doglan zenanlara täze tanyşlaryndan ýüz öwürmek maslahat berilýär. Ýakymly kompaniýa we rahat atmosfera size rahatlyk getirer. Günüň ikinji ýarymynda özüňizi birneme gowşak, ýadaw ýa-da kellagyrly duýup bilersiňiz.

Daluw (gowa 21.01-20.02)

Duýgy taýdan howply gün. Gowy dynç almagy ýatdan çykarmaň. Bu size diýseň gowy peýda getirer. Gündelik meseleler bilen meşgullanmak maslahat berilmeýär. Dostlaryňyza ýa-da garyndaşlaryňyza kömek etmeli bolarsyňyz. Düýşleriňiziň hakykatda amala aşmagy mümkindir.

Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Söwda pudagynda işleýän hutlar üçin amatly gün. Tötänleýin duşuşyk ýa-da täze tanyş çynlakaý gatnaşyklara ösüp biler. Bu size täze bir uly başlangyjyň başlanýandygyny görkezer. Şeýle-de bolsa, ünslüligiňizi elden gidermäň. Saglyk ýagdaýyňyza, iýmitiňize aýratyn üns beriň.

Merkezi Aziýa – Aýlag ýurtlary arasynda täze hyzmatdaÅŸlyk formaty döredilýär

 

Ýene-de okaň

01-nji Sentýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

31-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

30-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

2024;Hepdelik täleýnama (26-njy awgust-1-nji sentýabr )

27-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

26-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama