1939-njy ýylda, Buenos Aýresda geçirilen Xl Bütindünýä poçta kongresinde her ýylyň 9-njy oktýabryny “Bütindünýä poçta birleşiginiň güni” hökmünde bellemeklik teklip edildi. Çünki 1874-nji ýylyň şu güni “Bütindünýä poçta birleşigi” esaslandyrylyp, bu karar güýje girmändir. Şuňa meňzeş karar Ýaponiýanyň paýtagty bolan Tokioda 1969-njy ýylyň XVI Bütindünýä poçta birleşiginiň kongresinde kabul edilipdir. Ilkinji gezek halkara baýramçylyk hökmünde Bütindünýä poçta birleşiginiň güni 1970-nji ýylda bellenildi.
Bu günüň bellenilmeginiň esasy maksady näme? Bütindünýä poçta gününiň bellenilmeginiň esasy maksady poçta pudagynyň adamlaryň hem-de bileleşikleriň ýagny kompaniýalaryň gündelik durmuşynda tutýan ornuny, ýurduň sosial-ykdysady ösüşine goşýan goşandyny ösdürmekden ybaratdyr.
1984-nji ýylda Gamburgda geçirilen 19-njy Bütindünýä poçta kongresinde Bütindünýä poçta birleşiginiň gününi Bütindünýä poçta gününe öwürmek barada karar kabul edilipdir. Ondan öň Ottawada geçirilen XlV Bütindünýä poçta birleşiginiň kongresinde her ýyl hat-ýazuw hepdeligini- 9-njy oktýabrda, ýagny Bütindünýä poçta gününi gurnamak kararyna gelinipdir. Bu baýram Birleşen Milletler Guramasynyň halkara günleriniň düzümine hem girýär we dünýäde poçta hyzmatlarynyň ýaýramagyna we ösmegine itergi bermek üçin niýetlenendir. 1994-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň karary bilen iýul aýynyň ikinji ýekşenbesi Russiýanyň poçta güni diýlip bellenilipdir.
Bütindünýä poçta güni bilen baglanyşykly birnäçe gyzykly çäreler, ýaryşlar hem-de hat alyşyklar geçirilýär. Mysal üçin, 2005-nji ýylda Kamerunda poçta işgärleri bilen “CAMTEL” telekommunikasiýa kompaniýasynyň işgärleriniň arasynda futbol oýny geçirilipdir. Bütindünýä poçta güni mynasybetli poçta markalary, sergileri gurnalýar, konwert çäreleri hem giňden geçirilýär. 2006-njy ýylda bu günüň hormatynda Arkhangelsk poçta bölüminde “Köýnek hatlary” atly poçta konwertleriniň sergisi açylypdyr we Ukrainanyň Donetsk sebitinde haýyr-sahawat sergisi guralýar. Mundan başga-da şar we paraşýut poçta uçuşlary geçirilip olar ýörite markalar we stikerler bilen bezelýär.
Rahym Begjanow
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň I ýyl talyby.