Hemmämiziň bilşimiz ýaly, her birimiz hem her pasla görä, geýinmek we şol pasylda moda hasap edilýän dürli biçüwdäki göwnümize ýaran, özümize gelişjek egin-eşikleri saýlap alýarys. Modanyň taryhy has gadymyýete daýanýar. Şu ýerde hem modanyň taryhynda täsin maglumatlary size ýetirmek isleýäris.
- Dizaýnlaryň durmuşa geçmegine ýola goýan ilkinji iňňeler 30 müň ýyl öň haýwan süňklerinden öndürildi.
- Mata diýenimizde ilkinji göz öňümize gelýän görnüşleri ýüpek, keteni, nah matalardyr. Bir ýüpek gurçugyndan ortaça 900 metr ýüplük öndürilýär.
- Ilkinji moda žurnaly 1586-njy ýylda Germaniýada döredildi.
- Ýatamyzda geýmek üçin niýetlenen ilkinji egin-eşikler 16-njy asyrda öndürilip başlandy.
- Ilkinji resmi moda hepdesi 1943-nji ýylda Nýu-Ýorkda ýola goýuldy.
- Ilkinji nyşany krokodil şekili bilen “Lacoste” peýdalandy.
- Şa zenany Ýelizabet ýurdundaky zenanlara ýekşenbe günleri şapka geýmek barada karar çykarypdyr.
