TEHNOLOGIÝA

«YouTube» sanjyma garşy wideogörnüşleri düzüminden aýrar

«YouTube» wideoplatformasy BSGG-den degişli rugsatnamany alan waksinalaryň garşysyna paýlaşylýan wideogörnüşleri aýyrjakdygyny mälim etdi.

Aýryljak wideogörnüşleriň arasynda waksinalaryň dürli keselllere sebäp bolup biljekdigini delillendirmäge çalyşýan görnüşler bar. «YouTube» bu delilleri esassyz hasaplaýar.

Ýeri gelende aýtsak, «Google» kompaniýasynyň garamagyndaky bu platforma geçen ýyldan bäri 130 müň wideogörnüşi öz düzüminden aýyrdy. Täze ädimde bolsa, diňe bir waksina garşy çykýan wideogörnüşleri aýyrman, eýsem, olary ýerleşdirýän ulanyjylaryň hasaby hem ýapylar.

Şeýle ädimleri mundan ozal «Feýsbuk» we «Twitter» jemgyýetçilik torlarynyň hem ädendigini ýatladýarys.

AÅŸgabady wasp etmek bäsleÅŸiginiň ýeňijisi – Atageldi Garýagdyýew

 

Related posts

Innowasion taslamalar üçin gazna döredildi

Şahadatnamaly elektrik uçar

Türkmen Startuplaryň bäsleşigi yglan edildi

Dr.Döwran Orazgylyjov