BIZNES

“Michael Kors” markasy

Hakyky ady Karl Anderson bolan Michael Kors 1959-njy ýylda dünýä inýär.

Heniz 5 ýaşyndaka moda bilen gyzyklanyp başlaýar.  Babasy we mamasynyň  moda bilen has ýakyn bolanlygy sebäpli, Michael Kors olardan täsirlenipdir.  New Ýorkdaky “Fashion institute of Technology” instituny  tamamlaýar.  Okaýan döwründe  New Ýorkdaky moda öýlerinde işläp, gysga wagtyň içinde dizaýner bolup kabul edilýär.

1981-nji ýylda “Michael Kors” markasyny döreden  Michael Kors ilkinji zenanlar üçin niýetlenen egin-eşiklerini hem şol ýyl öndürýär.

Ol öndüren harytlary  bilen diňe bir ABŞ-da meşhurlyk gazanman, eýsem, döwletiň daşyna hem çykaryp, dünýäniň köp böleginde adyny duýurmagy başarýar.

Michael Kors diňe bir egin-eşik öndürmän, el sagatlaryny hem döredip başlaýar. Ol birnäçe döwletlerde öz dükanlaryny açýar.

Michael Kors “Oscar” medalyny alan birnäçe meşhurlaryň  egin-eşiklerini öndürýär: Joan Allen, Rene Russo, Gwyneth Paltrow, Obama…

“Amazon” kompaniýasy robotyny tanyÅŸdyrdy

 

Related posts

8.Orta Asya-Afganistan Bakan Yardımcıları toplantısı

vepa

Türkmenistan bilen Ukraina işewürler geňeşini döreder

Türkiye’de Eğitim almak için başvuru yaparken Tercüme hizmeti

vepa