Kiçijik elektrik şäher ulagy “Microlino 2.0” önümçilige taýyn ýagdaýda Mýunhende sergide peýda boldy.
1950-nji ýyllaryň ortalarynda şeýle ulag öndüirilip, onuň önümçiligi 1962-nji ýylda togtadylypdy.
Bu ajaýyp modelden ylham alan Şweýsariýada ýerleşýän “Micro” kompaniýasy tarapyndan kiçijik şäher ulagynyň önümçiligine girişildi. Bu kiçijik ulag “Urban”, “Dolce” we “Competizione” ýaly üç dürli görnüşde çykar.
Ulagyň elektrik hereketlendirijisi 17 W güýç öndürip biler. Batareýalary hasaba almazdan, agramy 435 kilograma barabar bolan “Microlino” ulagy 5 sekuntda 0-dan 50 kilometre çenli tizlenýär. Bu batareýalar degişlilikde 95 km, 175 km we 230 km menzil geçmäge mümkinçilik berer. Batareýalaryň zarýadynyň 80 göterime ýetmegi üçin 3-4 sagat wagt gerek bolar.
“Microlino 2.0” -iň başlangyç bahasy 12 müň 500 ýewro diýlip, öň yglan edilipdi. Häzirlikçe bahasyna hiç hili üýtgeşiklik girizilmedi. Birinji tapgyrda ýyllyk 7500 sany öndüriljek ulag üçin, şu wagta çenli 24000 sany sargyt kabul edildi.
Futbol boýunça dünýä çempionaty – her 2 ýyldan bolup bilermi?