SIZDEN GELENLER

Injiriň guradylan miwesiniň peýdasy

Injir agajy subtropiki howany halaýandyr. Onuň bişen miwesi ýygnalandan soň uzak wagtlap saklamaklyga amatsyz bolýar. Şonuň üçin hem miwäni ýygnalan pursadyndan uzak wagt geçmänkä ondan mürepbe taýýarlamaly ýa-da ony guradyp goýmaly. Guradylan miweleri uzak wagtlap saklap bolýar.

Adamlaryň köpüsi ter görnüşde injir miwelerini iýeninden ony guradyp iýmegi has gowy görýärler. Munuň sebäbi bolsa guradylan miweler has süýji bolýar.

Guradylan injir iýmit siňdiriş ulgamyny kadalaşdyrýar, şol bir wagtyň özünde toksinleri aýyrýar, bedeniň artykmaç agramyny azaltmaga, ýatkeşligi ýokarlandyrmaga we ýadawlygy aýyrmaga kömek berýär.

Şeýle görnüşdäki miwäniň düzüminde täsirli antioksidantlar hasaplanylýan polifenollar we flawonoidler bardyr. Olar bolsa öýjükleri erkin radikallardan goraýar we gan damarlaryny arassalaýar şeýle-de bedeniň wagtyndan öň garramagynyň öňüni alýar. Mundan başga hem ol düwnük keseliniň öňüni almakda-da peýdaly hasaplanylýar. Guradylan injir beýleki miwelerden 50 esse köp polifenollara eýedir.

Injiriň guradylan miwesiniň witaminlere baý düzümi bardyr. Onda kapilýar gan damarlaryny güýçlendirmek üçin zerur gerek bolan С witamini, nerw we ýürek-damar ulgamlaryna peýdaly täsir edýän B witamini şeýle hem A, E we K witaminleri bardyr. Onda kaliý we kalsiý elementleriniň örän köp mukdarda bar bolanlygy sebäpli süňkleri güýçlendirýär. hem örän baýdyr.

Guradylan injiriň 100 gram energiýa berijiligi 257 kkal-a deňdir.

Ondaky witaminleriň mukdary:

  • E witamini (tokoferol) 0,3 mg;
  • B2 witamini (riboflawin) 0,09 mg;
  • B1 witamini (tiamin) 0,07 mg;
  • A witamini 13 mg;
  • Beta-karotin 0,078 mg;
  • Witamin PP (Niasin ekwiwalenti) 1,2 mg.

Mineral maddalaryň mukdary:

  • Demir 0,3 mg;
  • Fosfor 68 mg;
  • Kaliý 710 mg;
  • Natriý 11 mg;
  • Magniý 59 mg;
  • Kalsiý 144 mg;
  • Beloklar 3,1 gr;
  • Uglewodlar 57,9 gr.

Häzirki wagtda berhizlik häsiýeti bilen giňden peýdalanylýar.

Akmyradowa Aýnur,

TOHU-nyň talyby

8-nji sentýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

 

Ýene-de okaň

Sarpasy belent bedewler

Ata Watan Eserleri

Ýylyň şygary-belent sepgitlere badalga

Çagalar – biziň geljegimiz!

Sagdyn ene we sagdyn çaga – uly baýlyk

 Magtymguly aýdar, sözüm älemdir…

Ösümlikler üçin zerur dökün