DÜNÝÄ

Ýapon Imperatoryna hat

Hormatly Prezidentimiz Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito hat iberdi. Şol hatda milli Liderimiz türkmen-ýapon gatnaşyklary hem-de ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda ýurdumyzda ulanmaga berlen gazturbinaly elektrik stansiýasynyň üstünlikli açylyp ulanmaga berlendigi belläp geçdi.

Bu hatda hususan-da şeýle diýilýär:

Onuň Alyjenaby Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito

Şu hatyň üsti bilen Size mähirli salamymy we çuňňur hormatymy beýan etmek, Ýaponiýanyň halkyna bolsa iň gowy arzuwlarymy ibermek meniň üçin hormatdyr.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklar dürli ugurlar boýunça yzygiderli ösdürilýär, täze mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Häzirki wagtda ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyz syýasy, söwda-ykdysady, durmuş, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlaryň giň gerimini öz içine alýar.

Bilelikde taslamalary amala aşyrmak we maýa goýum hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak iki ýurduň ykdysady gün tertibinde möhüm orny eýeleýär. Türkmenistanda ýapon kompaniýalarynyň we maliýe institutlarynyň gatnaşmaklarynda nebitgaz toplumynda, himiýa senagaty we energetika pudaklarynda birnäçe iri taslamalaryň durmuşa geçirilendigini, bu babatda oňyn tejribe toplanandygyny nygtamak isleýärin.

Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 3-nji sentýabrynda ýurdumyzyň Lebap welaýatynda türkmen-ýapon netijeli hyzmatdaşlygynyň nobatdaky nyşanyna öwrüljek möhüm desganyň — gazturbinaly elektrik stansiýasynyň üstünlikli açylyp ulanmaga berlendigi baradaky hoş habary Siziň bilen paýlaşmak isleýärin. Bu taslama meşhur ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda durmuşa geçirilip, onda öňdebaryjy işläp taýýarlamalar we täze tehnologiýalar ornaşdyryldy. Bu desga geljekde diňe ýurdumyzyň energetika kuwwatyny ýokarlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, tutuş sebiti, hususan-da, goňşy Owganystany durnukly we ygtybarly energiýa bilen üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Siziň Alyjenabyňyz!

Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky anyk maksada gönükdirilen dost-doganlyk gatnaşyklarynyň netijesinde durmuşa geçirilen bu halkara ähmiýetli elektrik stansiýasynyň ulanmaga berilmegi bilen Sizi gutlaýaryn.

Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky ynanyşmak we birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklarymyzyň halklarymyzyň bähbidine geljekde hem ösdüriljekdigine we kämilleşdiriljekdigine ýürekden ynanýaryn.

Şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Size berk jan saglygyny, şahsy bagtyýarlygy we abadançylygy, Ýaponiýanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylygy, mundan beýläk-de öňe gitmegi, gülläp ösmegi arzuw edýärin.

 

6-njy sentýabrdaky howa maglumaty

Ýene-de okaň

Lukaşenko prezidentlige dalaşgär bolar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleriniň Pekin şäherine iş sapary

Türkmenistan bilen Türkiýe parlamentara gatnaşyklaryny ösdürýär

Putin: BRIKS-iň emeli intellekt boýunça alýansyny döretmegi teklip edýärin

2025-nji ýylda Belarusda prezident saýlawlary geçiriler

BRIKS sammiti başlady