3-nji sentýabrda Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine köpçülikleýin girişildi. Möhüm oba hojalyk möwsümi ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda birbada badalga aldy.
Ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny berkitmekde maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Daýhanlar ýokary hilli tohum, mineral dökünler, döwrebap tehnikalar, ýeterlik mukdarda himiki serişdeler we suw bilen üpjün edilýär.
Halkymyzyň asylly däbine görä, hormatly ýaşulular Beýik Biribardan ak bugdaýyň bol hasylyny dileg edip, oňat taýýarlanan topraga: “Her bir dänäň müň bolsun!” diýen sözler bilen, bugdaýyň ilkinji tohumlaryny sepip, nobaty mehanizatorlara berdiler.
Ýurdumyzda 690 müň gektara bugdaý ekiler. Daýhanlar şonça meýdandan 2022-nji ýylda 1 million 400 müň tonna bugdaý, şol sanda Ahal welaýatynda 400 müň, Mary welaýatynda 345 müň, Lebap welaýatynda 310 müň, Daşoguz welaýatynda 265 müň we Balkan welaýatynda 80 müň tonna däne ýygnamagy maksat edinýärler.
Ekişe azyklyk bugdaýyň ýokary hasylly “Bereketli”, “Goşant”, “Rowaç”, “Hasylly”, “Sähraýy”, “Ýolöten-3”, “Watan”, “Juwan”, “Ýokumly”, “Ýolöten-1”, “Miras” görnüşleriniň tohumlary taýýarlanyldy.
Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginde habar berlişi ýaly, şu möwsümde Türkmenistan boýunça dünýäniň öňdebaryjy “John Deere”, “CLAAS”, “Case” kompaniýalaryndan satyn alnan ýer sürüji traktorlaryň 1972-si, ekijileriň we bejergi traktorlarynyň 1545-si hem-de daýhanlaryň zähmet öndürijiligini artdyrmak üçin beýleki serişdeler ulanylar.