SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Dünýäde ilkinji hasaba alnan sanjyma 1 ýyl doldy

Bir ýyl mundan ozal, ýagny 2020-nji ýylyň 11-nji awgustynda koronawirus ýokanjyna garşy dünýädäki ilkinji sanjym hasaba alyndy. Ol hem Russiýanyň işläp düzen “Gam-KOWID-Wak” (Sputnik V) sanjymydyr. Şondan bäri, bu sanjymy 69 döwlet hasaba aldy we 13 ýurtda onuň önümçiligi ýola goýuldy.

Bu sanjym Russiýanyň 1957-nji ýylda kosmos giňişligine iberen ilkinji emeli hemrasyna hormatyna “Sputnik V” diýlip atlandyryldy. 2020-nji ýylyň 11-nji awgustynda Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putine dünýäde ilkinji sanjymyň hasaba alnandygy barada hasabat berlipdi.

Bu sanjymy işläp düzmek üçin rus alymlaryna 5 aý gerek boldy. Onuň üçin ýurduň dürli derejedäki iň güýçli wirusologlary we biohimikleri zähmet çekdiler.

Mälim bolşy ýaly, “Sputnik V” sanjymynyň kliniki synaglarynyň netijeleri meşhur “The Lancet” lukmançylyk žurnalynda çap edildi. Sanjymyň koronawirusdan goraýjylyk netijeliliginiň 91,6 göterimdigi mälim edildi. Onuň ýaramaz täsirleriniň ýok diýen ýalydygy bellenilip geçildi.

“Sputnik V” sanjymy dünýäniň 69 ýurdunda hasaba alyndy. Olaryň arasynda – Türkmenistan, Argentina, Hindistan, Hytaý, Günorta Koreýa, Braziliýa we Meksika ýaly döwletler bar. Köp sanly ýurtdan onuň önmçiligini öz ýurdunuň çäginde amala aşyrmak üçin teklipler gelip gowuşdy. Bu babtda hem dedişli işler ýola goýuldy.

Russiýanyň özünde “Sputnik V” ýa-da “Gam-KOWID-Wak” sanjymy ýurduň derman serişdeleriniň döwlet hasaba alyş sanawyna goşulyp, 67 million adama uruldy. Iýul aýynda ýurtda täzeden sanjym etmek işine girişildi.

 

Bir sany elektrikli welosiped öndürdi

 

Ýene-de okaň

Eýran howa giňişligini doly açdy

Türkmenistanyň syýahatçylyk kärhanalary Seul halkara syýahatçylyk sergisine gatnaşdy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: Dubaý we Abu-Dabi gatnawlary 15-nji iýuna çenli ýatyryldy

Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça täze maksatnama tassyklandy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: Dubaý we Abu-Dabi gatnawlary 1-nji iýuna çenli ýatyryldy

Aşgabat-Awaza ugry boýunça yzygiderli awtobus gatnawlary başlanýar