Ýakynda tanyşdyrylmagyna garaşylýan “Realme Flash” telefonynyň aýratynlyklary mälim boldy. Bu telefonda 6.7″ ululykdaky QHD+sAMOLED LTPO ekran ýerleşdiriler. 120 Hz ekran täzelenme tizligine eýe bolan telefon “Qualcomm Snapdragon 888+” mikroprosessoryndan güýç alar.
15W we 50W MagDart simsiz zarýadlandyryjylar bilen üpjün edilen “Realme Flash” 65W simli zarýadlandyryjy arkaly hem zarýadlandyrylyp bilinýär. Telefonyň öňünde 32 megapiksellik Sony kamera, arkasynda 50 megapiksellik 2 sany Sony kamera, 2 megapiksellik goşmaça kamera, 2 megapiksellik durulyk sensory ýerleşdirilipdir.
Ýakynda satuwa çykjak täze telefonyň bahasy barada bolsa, şereket tarapyndan hiç hili maglumat berilmedi.
Maksat TAGANOW
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet
uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby.