SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Hytaý 2 milliard doza sanjym kömegini berer

Hytaý dünýä ýurtlarynda koronawirus ýokanjyna garşy sanjym berer. Bu barada ýurduň Prezidenti Si Szinpin belläp geçdi. Onuň aýtmagyna görä, Hytaý şu ýylyň dowamynda dünýä ýurtlarynda 2 milliard doza COVID-19 sanjymyny iberer.

COVID-19 ýokanjyna garşy sanjym etmek babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunýa birinji halkara foruma beýannama iberen Hytaýyň Prezidenti dünýä ýurtlaryna sanjym kömegini bermegi dowam etdirjekdiklerini belledi.

Hytaýyň Prezidenti Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň COVAX sanjym maksatnamasyna hem 100 million dollar maliýe serişdelerini gönükdirer. Bu serişdeler ösüp barýan ýurtlara sanjym paýlamak üçin ulanylar.

Mundan başga-da, Hytaý ösüp barýan ýurtlara koronawirus ýokanjyna garşy göreşmekde ýardam etmäge taýýardygyny belläp geçdi.

 

Tokio-2020: ABŞ 4-nji gezek çempion boldy

 

Ýene-de okaň

Hytaý Beýik Britaniýanyň we Kanadanyň raýatlary üçin wizasyz düzgüni girizýär

BSGG-niň ýolbaşçysy çagalar üçin sosial torlarda ýaş çäklendirmelerini girizmäge çagyrdy

Alymlar Nipah wirusyna garşy sanjym işläp düzdüler

“Türkmenistan” awiakompaniýasy halkara uçuş tertibini täzeledi

Türkmenistanda syýahatçylyk kärhanalarynyň sany 250-ä golaýlady

“Türkmenistan” awiakompaniýasy çagalar üçin ýeňillikli uçuşlary yglan etdi!