DÜNÝÄ

Türkmenistan Gazagystanyň möhüm strategik hyzmatdaşy

Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky ähli ugurlardaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň okgunly ösüşi barada Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ýerkebulan Sapiýew gürrüň berdi. Gazak ilçisiniň makalasy “Türkmenistan” gazetinde çap edildi.

Şol makala esasynda türkmen-gazak gatnaşyklarynyň häzirki ýokary derejesi şeýle:

  • Gazagystan Respublikasynyň daşary syýasatynda Merkezi Aziýa döwletleri, şol sanda dostlukly Türkmenistan aýratyn orun eýeleýär.
  • Türkmenistan Gazagystanyň di­ňe bir Merkezi Aziýada däl, eýsem, Hazar sebitinde hem möhüm strategik hyzmatdaşydyr.
  • Şu ýylyň 18-nji fewralynda daşary işler ministrleri derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi we onuň çäklerinde Türkmenistanyň hem-de Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda 2021 — 2023-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk boýunça Maksatnama gol çekildi.
  • Döwletleriň arasyndaky ikitaraplaýyn söwda gatnaşyklarynyň depgini durnukly ösüşini saklaýar.
  • 2019-njy ýylda Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky söwda dolanyşygy, 2018-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 46 göterim ýokarlanyp, 146 million dollara barabar boldy. Dünýäde dowam edýän pandemiýa sebäpli girizilen çäklendirmelere garamazdan, 2020-nji ýylyň jemleri boýunça bu görkeziji 127,9 million dollar möçberinde üpjün edildi.
  • Serhetýaka hyzmatdaşlygyň işjeň ösdürilýändigi hem aýratyn nygtalmaga mynasyp. Şunda Gazagystanyň Mangistau welaýaty bilen Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň mümkinçiliklerine uly üns berilýär.
  • Iki ýurduň serhetlerinde söwda boýunça ýörite serhetýaka zolagyň döredilmegi ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlykda awtomobil, demir ýol we de­ňiz ulaglary arkaly ýükleriň daşalmagyna esasy orun degişli.
  • Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýolunyň ulanylmaga berilmegi iki döwletiň üstaşyr ulag mümkinçiliklerini has-da gi­ňeltmäge mümkinçilik berse, Aktau porty bilen Türkmenbaşy Halkara de­ňiz portunyň arasynda ýola goýlan gatnaşyklar ýükleri üstaşyr daşamakda özara hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam edýär.
  • Soň­ky üç ýylyň dowamynda Nazarbaýew uniwersitetiniň, L.N.Gumilýow adyndaky Ýewraziýa milli uniwersitetiniň, Abaý adyndaky Gazak döwlet uniwersitetiniň, M.Auezow adyndaky Günorta Gazagystan döwlet uniwersitetiniň wekilleri Aşgabatda boldular. L.N.Gumilýow adyndaky Ýewraziýa milli uniwersitetiniň hem-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek we hyzmatdaşlyk hakynda gol çekilen Ähtnamanyň çäklerinde netijeli gatnaşyklar alnyp barylýar, özara tejribe alşylýar.
  • Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky gatnaşyklar 2017-nji ýylda strategik hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga gol çekilmegi bilen, hil taýdan täze derejä çykaryldy.

Daşary ýurtlarda pasportyň möhleti uzaldylyp başlandy

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň Dialogynyň jemleýji maslahatyna gatnaşdylar

Türkmenistanyň daşary ýurt ilçihanalarynda metbugat attaşesi wezipesi dörediler

Türkmenistan bilen TÜRKSOÝ köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar

Türkmen-özbek gatnaşyklarynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Brýusselde Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda nobatdaky parlamentara duşuşygy geçirildi

Yrak Türkmenistana hemişelik ilçi bellär

Ata Watan Eserleri