SPORT

Tokio-2020: Hytaý ikinji altyn medalyny gazandy

Ýaponiýada dowam edýän tomusky Olimpiýa oýunlarynyň ilkinji altyn medalyny gazanan Hytaý ikinji altyn medalyny agyr atletikada gazandy. Hytaýly zenan agyr atletikaçy Hou Çžihueý 49 kilogram agramda çykyş edip, altyn medaly gazandy.

Bu ugurda ikinji orny, ýagny kümüş medaly hindistanly Saikh Mirabai Çan, bürünç medaly bolsa, indoneziýaly Uindi Kantika eýeledi.

Hytaýly türgen iki ugur boýunça jemi 210 kilogram agramy götermegi başardy. Hindistanly türgen 202 kg, indoneziýaly türgen bolsa 194 kg agramy galdyrdy.

Hytaýly zenan agyr atletikaçy Hou Çžihueý Olimpiýa rekordy bilen altyn medalyň eýesi boldy.

Hytaýly  türgen Sýan Ýan pnewmatik tüpeňde ok atmakda Olimpiýa oýunlarynyň ilkinji altyn medalynyň eýesi boldy.

 

Tokio-2020: Eýranly türgen altyn medal gazandy

 

Tokio-2020: ilkinji altyn medaly Hytaý gazandy

 

Tokio-2020: ilkinji medallar gazanyldy

 

Ýene-de okaň

Tramp Ronaldo bilen duşuşdy

PSŽ-niň goragçysy Hakimi Afrikada ýylyň futbolçysy boldy

Kýurasao dünýä çempionatyna gatnaşýan iň az ilatly ýurt boldy

Ata Watan Eserleri

Dünýä çempionatyna gatnaşjak 42 milli ýygyndy belli boldy

Norwegiýa 27 ýyldan soň ilkinji gezek dünýä çempionatyna çykdy

Mahaçew hem rekord goýdy hem-de çempionlyk guşagyny gazandy